Habarlar

Ýurdumyzda gök, bakja ekinleriniň hasyly, miweler ýygnalyp, içerki bazarlarda ýerlenilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/112/original-15f8dc8798fd19.jpeg

Azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen önümler bilen üpjün etmek meseleleri Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ara alyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berşi ýaly, ähli welaýatlarda gök, bakja ekinleriniň hasyly, miweler ýygnalyp, içerki bazarlarda ýerlenilýär. Şonuň ýaly-da, güýzde ekilen beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri dowam edýär hem-de soganyň ekilişini gysga möhletde tamamlamak üçin degişli çäreler görülýär.

Ýurdumyzda möhüm wezipeleriň biri-de maldarçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Pudaga berilýän aýratyn ünsüň netijesinde, döwlet we hususy eýeçilikdäki mallaryň baş sany ýyl-ýyldan artýar. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu pudakda seçgiçilik işini zerur derejede guramak boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ussat news

Başga habarlar
16a8574bbc3626.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.


16a856ff73461a.jpeg
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.


16a8487f6d3e1b.jpeg
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.