Habarlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Geologik maglumatlar merkeziniň baş geology Bazar ÇOPANOW:

https://ussatnews.com/storage/posts/11291/original-168dcf8e35141b.jpeg

— «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar astynda geçýän 2025-nji ýyl hakydamda hemişelik orun tutar. Ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisi mende ýakymly täsir galdyrdy. Bu taryhy forumda döwlet ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we möhüm kararlar kabul edildi.

Maňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçirilen dabaraly çärede döwlet sylagynyň — «Gaýrat» medalynyň gowşurylanlygyna buýsanýaryn. Döwlet sylagy meni geljekde hem ýadawsyz zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuň mazmunly taryhy çykyşlary eziz Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrdy we täze zähmet üstünliklerine badalga berýär. Umumymilli forumda geljek döwür üçin öňümizde uly wezipeler goýuldy, biziň olary tutanýerli zähmetimiz bilen amala aşyrjakdygymyza berk ynamymyz bar.

Döwlet sylagyny ykdysadyýetiň geljegi uly bolan we sazlaşykly ösýän pudagyna mynasyp goşantlaryny goşýan ähli nebitgazçylaryň, geologlaryň tutanýerli zähmetine berlen ýokary baha diýip hasaplaýaryn. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize zähmetime beren ýokary bahasy üçin çäksiz hoşallygymy beýan edýärin. Döwlet sylagy maňa eziz Watanymyzyň şan-şöhraty üçin täze işlere güýç-gaýrat berýär.

Başga habarlar
16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.


16ad83dcf56130.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

16ad770e9c733c.jpeg
Aşgabatda OGT 2026 forumynyň myhmanlaryny ALI atly adam şekilli robot garşylar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.


16ad1fcf5eaae6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.