Makalalar

Aýdymly dünýäde ýaşaýan Jahan Tagyýewa

https://ussatnews.com/storage/posts/1136/original-1608574c066066.jpeg

Ynsan kalbyna owadan duýgulary bagyşlap bilýän zehinli aýdymçy zenanyň şirinden-şirin aýdymlary diňleýjileri özüne kökerýär. USSAT NEWS elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, hoş owazly aýdymçy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan TAGYÝEWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

– Jahan, sungatyň jadyly dünýäsine berlen her bir ynsan ýakymly aýdym-sazyň owazyna maýyl bolýar. Aýdym-saz sungatyna gelşiňiz barada aýdaýsaňyz?

– Gulpagymy tasadyp ýören gyzjagaz döwrümde aýdymly dünýä imrinip gitdim. Kakam aýdýan aýdymlarymy uly höwes bilen diňleýärdi. Maşgalamyzda sungata sarpamyz uludy. Atam çopan goşunda, öýde tüýdük çalardy. Maşgalada dört doganyň körpesi bolup ulaldym. Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 4-nji orta mekdebi tamamlap, sungatyň jadyly dünýäsine ymykly girip, aýdymy ykbalym edip saýladym. Bir gezek obamyzda baýramçylyk dabarasy geçirilende, halypa artistimiz Sabyr Ataýewa gelipdi. Halypanyň çykyşyny görüp, sungata bolan söýgim has-da artdy. Aýdymly dünýä köňül bermegimde doganym Sähragözeliň uly paýy bar. Ol aýdyma bolan höwesimiň uludygyny duýup, bu ýoldan gitmegime goltgy berdi. Okuwçy döwrüm sungat mekdebine-de gatnadym. Dutar saz guralyny elime tutduryp, kirişlerini kakmagy Anna mugallym öwredipdi.

– Tüweleme, aýdym-saza bolan yhlasyňyz, erjelligiňiz bu ýolda sizi has-da kämilleşdiripdir. Muny aýdýan aýdymlaryňyzy diňläniňde-de duýmak bolýar.

– Aýdym aýtmagyň özi täsin kesp, sungat. Ol adamdan hem zehini, hem ussatlygy, hem tükeniksiz yhlasy talap edýär. Her bir döredýän aýdymlarymyň içinde ýaşaýan. Onsoňam, seniň aýdym aýdyşyňa diňleýji baha kesip otyr. Erjellik bilen işlenende, kämillige ýetip bolýar. Şonuň üçin hem sungata berlen adam söze-de, saza-da ussat bolýar. Sungat adamynyň häsiýeti, joşguny onuň döredýän eserlerine-de geçýär.

– Halypalaryň nusgalyk ýollary bize görelde mekdebi bolup durýar. Olardan näme-de bolsa bir zat öwrenmäge çalyşmaly. Gürrüňimizi halypalaryň ýoly barada dowam edäýeliň!?

– Sungaty söýýän ýürekde hemişe nurana duýgular höküm sürýär. Halypalarym «Aýdymy ýüregiň bilen aýt, aýdymyň içine girip aýt, aýdyma berlip aýt» diýerdiler. Halypam Baýly Allamyradow: «Öz zehiniň, sungatyň bilen adamlary bir pursatlygam bolsa begendirip bilseň, adyň halkyň dilinde, hakydasynda galar. Seniň gowy sesiň bar, diňe aýdym aýt!» diýipdi. Halypamyň bu aýdan sözüni hemişe ýatlaýan.

Döredijilikde çäklendirme ýok. Aýdym-saz ugruna ýaňy bir başlan wagtym, talyp döwrüm Türkmenistanyň Gahrymany, halypamyz Gözel Şagulyýewanyň iş ýerine baryp, «Goşgyňyzy aýdym etjek» diýipdim. Şonda halypa uly ynam edip, goşguly kitabyny beripdi.

Şeýle hem şahyrlar Nurgözel Gozlyýewanyň, Döwletgeldi Annamyradowyň sözlerine ençeme aýdymlary ýerine ýetirdim. Kompozitorlar Gurban Çaryýew, Meret Annamyradow dagy hem aýdymyň sözlerine, meniň sesime laýyk saz döretmekde yhlasyny gaýgyrmadylar. Halypalaryň ynamy döredijilige ylham berýär, has hem uly sepgitlere ýetmäge borçly edýär.

– Sungatda özüňi tanadyp, at almak, öz yzyňy, ýoluňy goýmak uly zehini hem-de zähmeti talap edýär. Siziň muşdaklaryňyz täze döredýän aýdymlaryňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Sözümizi şular dogrusynda dowam edäýsek?!

– Ynam edilmeginiň özi seni täze döredijilige ruhlandyrýar. Milli sungatymyz şeýle bir baý, köpdürli. Aýdymy, sungaty jany-teni bilen söýýän ynsan täze-täze aýdymlary döretmegiň gözleginde bolýar. «Arkadagym, sen dünýäsiň, dünýäsiň», «Siz Watan ýüregi, ýaşa, Arkadag!», «Göwnüň ýaly gülüp geldi», «Söýgimi aýtmaga geldim», «Eziz Watan», «Ene ýüreginiň aýdymy», «Laçynym», «Siz bilen bagtly» ýaly aýdymlar diňleýjileriň göwün güzerinde düşländir.

– Jahan, ynsan bagtly pursady bagtyny paýlaşasy gelýär. Durmuşyňyzda aýratyn ýatda galan pursatlary ýatlap geçäýseňiz...

– Gahryman Arkadagymyz maňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakdy. Şeýle-de, Medeniýet şäherçesinde bina edilen ak mermerli jaýdan maňa-da öý almak bagty nesip etdi. Munuň üçin hormatly Prezidentimize zenan ýüregimden köp sagbolsun aýdýaryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde birnäçe gezek, şeýle hem «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşikde ýeňiji boldum. Türkmen döwlet medeniýet institutyny tapawutlanan diplom bilen gutardym. Şularyň hemmesi durmuşymdaky iň bir bagtly pursatlarym boldy. alty ýaşlyja gyzjagazyma guwanyp, bagtyýar döwrüň bagtly zenanydygyma has-da buýsanýan.

Nesip bolsa, berkarar döwletimiziň ösüşlerine buýsanyp, täze aýdymlary döredip, halkymyza ýetireris. Medeniýetiň, sungatyň hak howandary Gahryman Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun! Bagtyýarlyk ýar bolan ilimizde şirin aýdymlar has-da belentden ýaňlanyp dursun!

– Jahan, gyzykly söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň! Aýdymly dünýäňizde ylhamyňyz egsilmesin!

Ýazgül ANNAÝEWA, USSAT NEWS. 

Surata düşüren www.atavatan-turkmenistan.com

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.