Tebigy baýlyklaryň mesgeni

23:28 19.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/114/original-15f8ddadecd153.jpeg

139 müň inedördül kilometr giňişligi tutýan Balkan welaýatyny «Baýlyklaryň mesgeni» diýip atlandyrmaga doly esas bar. «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli otuza golaý nebitli, nebit-gazly we gazly ojaklar bolup, olaryň esasylarynyň biri hem Barsagelmez nebitgaz ýatagydyr.

Alaň-alaň gum depeli, uzalyp gidýän giň, ýolsuz, suwsuz, ýaşaýyşsyz çöl bolmagy oňa «barsaň, yzyňa gelmersiň» diýen manyny berýän Barsagelmez adynyň dakylmagyna sebäp bolupdyr. Ir wagtlar bu gum depeleriniň içinde güýçli ýel öwsen günleri ýolundan azaşan nebitçileriň gözlenen hem-de düýe kerwenleriniň bu ýerden aýlanyp geçen halatlary az bolmandyr.

Barsagelmezde gözleg-agtaryş işleri 1950-nji ýyllaryň ortalarynda başlanýar. 1961-nji ýylyň güýzünde bu ýerde Ilkinji wyşka dikenlerden A.Işangulyýewi, A.Ahmetpaşaýewi, S.Garaýewi we başgalary görkezmek bolar.

1962-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Satlyk Ödäýewiň brigadasy 2-nji belgili guýuda gazuw işlerini geçirýärkä, 2796 metr çuňlukdaky gatlaga ýetilende bir gije-gündizde 120 tonna önüm berýän nebit çüwdürimi alynýar. Bu ilkinji nebit guýusynyň buşlukçysy bolýar. Şondan soň Nurman Genjekow, Kaka Gurbanow, Aman Atajanow hem-de başgalar üçünji, dördünji we soňraky nebit guýularyny gazyp, şol döwrüň atly ordenlerine we beýleki döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. 1964-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bütin dünýä Goturdepe ýatagyndan ýene-de bir täze nebit we gaz ojagynyň – Barsagelmeziň açylandygy baradaky habary eşidýär. «Nebitdagnebit» nebit we gaz çykaryş müdirligine üç sany nebit-gaz ojaklary degişlidir. Olar Nebitdag, Burun we Barsagelmez (utgaşykly ýerleşen, uzaklygy 40 kilometre ýetýär) ojaklarydyr. Burun ýatagy soňra şertnama esasynda möhletli daşary ýurt firmasyna özleşdirilmäge berildi. Şu nebit-gaz çykaryş müdirligiň taryhy Nebitdag nebit ojagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ýerden ýüz ýyl mundan ozal ýönekeý usullar bilen nebit alnypdyr. 1930-njy ýyllardan soňra, ylmy esasda senagat taýdan nebit çykarylyp başlanýar.

1933-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda №13 belgili nebit guýusy 440 metr çuňlukdan çüwdürim bilen 18 gije-gündizde 110 müň tonna ( bir günde ortaça alty müň tonnadan gowrak) nebit eçilip, bu ýatagyň taryhyna ýazylýar. Şeýlelikde, Wyşka stansiýasyna (häzirki Uzboý şäherçesi) demir ýol çekilýär. Bu ýerde nebitçiler üçin gerekli döwlet ähmiýetli desgalar we ýaşaýyş jaýlary medeniýet ojaklary gurlup başlanýar. Bu nebit ýatagynyň adyna Nebitdag diýlip dakylmagy, Nebitdag şäheriniň (häzirki Balkanabat) ady bilen baglanyşyklydyr. Orta Aziýa demir ýolunyň 13-nji stansiýasynda 1946-njy ýylda Nebitdag şäherçesiniň düýbi tutulýar. 1964-nji ýylda Nebitdag-Wyşka-Barsagelmez aralygyna gara ýol çekildi.

1966-njy ýylyň mart aýynda öňki SSSR Ýokary Sowetiniň Karary bilen, döwlet borçnamalarynyň dolmagy we Goturdepeden soň, ýene bir täze nebitgaz ýatagynyň – Barsagelmeziň açylanlygy we özleşdirilip başlananlygy mynasybetli «Türkmennebit» önümçilik birleşigine şol döwrüň iň uly sylagy berilýär. Bu zähmet üstünliginiň gazanylmagynda barsagelmezli nebitçileriň hem mynasyp paýy bar.

«TürkmenNIPInebit» (häzirki «Nebitgazylmytaslama») institutynyň alym hünärmenleriniň ilkinji günlerden bu ýatakda önümçilik bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy we zerur bolan buraw erginleriniň oýlanyp tapylmagy guýularyň çuň gatlaklara çenli gazylmagyna ýardam etdi. 1964-nji ýylyň ahyrynda Barsagelmezde nebit-gaz çykaryjy uprawleniýe döredildi, onuň ilkinji başlyklygyna A.Hajyberdiýew, baş inženerligine A.P.Kuzmin, baş geologlygyna I.Melikpaşaýew bellenildi. Bu ýerde 1-nji we 3-nji nebit promyselleri (senagat bölümleri) döredilip, A.Ataýew we P.A.Kutyýew dagy ilkinji ýolbaşçylar boldular. Bu nebit-gaz ýatagyny ilkinjiler bolup özleşdirmekde ýokarda ady agzalan kärdeşlerimiziň bitiren işleri bellenmäge mynasypdyr.

1967-nji ýylda Ş.Hançarowa «Türkmenistanyň at gazanan rasionalizatory» (oýlap tapyjysy) diýen at dakyldy. Şol ýyl nebit çykarmakda tapawutlanan, ýurduň nebit senagatyna goşant goşan barsagelmezli nebitçilere iň ýokary orden we «Türkmenistanyň at gazanan nebitçisi» diýen atlar dakylýar. Olardan Anna Janiýew, Nurmämmet Niýazmämmedow, Majyk Şamedow, Gurban Guljagazow, Nursoltan Berdiýewa, Amangylyç Hajyberdiýew, Derýa Taganow, Hajygeldi Gaýypgulyýew, A.P.Kuzmin we beýlekileri görkezmek bolar.

«Nebitdagnebit» NGÇM-gi boýunça 1973-nji ýylda 5,3 million tonna nebit çykaryldy. Şol ýyl bu ýatagyň taryhynda iň köp nebit çykarylan ýyldyr. Şondan soňraky ýyllarda bu ýatagyň önümi azalyp başlandy. Elbetde, bu birnäçe tehniki we tehnologiki çäreleriň ýetmezçiligi, nebitli gatlaklaryň bir-birinden geologiki gurluş aýratynlygy, çuňlugy boýunça özboluşly geologiki häsiýetleri bilen baglanyşyklylygy, ýerasty gorlaryň azalanlygy gatlaklardaky tebigy basyşyň peselenligi, guýularyň önüminiň suwlanmagy bilen düşündirilýär.

1991-nji ýylda bu ýatakdan çykarylan nebit 1,5 million tonna ýetdi. Şol ýylda bu nebit-gaz ýatagynda ilkinji sapar gaz bölüji desgalar gurlup, çüwdürim usulyndan soň gazlifte geçilip başlandy. Ojagyň öz gazyny gazlift guýular üçin ulanmak mümkinçiligi döredi, bu bolsa nebitiň artmagyna sebäp boldy. Ugurdaş çykarylan gazyň belli bir bölegi häzirki döwürde-de gazlift guýular üçin peýdalanylýar. Ýatakdan nebitiň esasy bölegi gazlift usulynda çykarylýar.

1974-nji ýylda bu nebit-gaz ýatagynyň gyzyl reňkli gatlagynyň aşaky öwrenilmedik känleriniň üsti açyldy, bu hem nebit we gazyň artmagyna sebäp boldy. 1975-nji ýylda ozalky Soýuzyň merkezi gaz geçirijisine Barsagelmez ýatagynyň hem gazy berlip başlanýar, 1980-nji ýylda diňe Günbatar Türkmenistandan ýurduň daşyna umumy çykarylan tebigy gazyň mukdary 8 milliard kubmetre ýetýär. Çykarylan türkmen nebiti Russiýa, Özbegistan, Gazagystan hem-de Azerbaýjan Respublikalaryna gaýtadan işlenilmäge iberildi we daşary ýurtlara eksport edildi.

Garaşsyzlyk alanymyzdan soň, nebitli guýularyň hemişe önüm berip durmagy üçin, bu müdirligiň işgärleri institutyň alym-hünärmenleri bilen degişli işleri wagtynda geçirip durýarlar. Döwrebap ylmy täzelikleri önümçilige ornaşdyrýarlar.

Häzirki güne çenli Barsagelmez ýurdumyzda Goturdepeden soňra ikinji köp nebit berýän ojak hasaplanýar. Barsagelmez ýatagyndan indi 55 ýyldan gowrak wagt bäri nebit we gaz alynýar. Şu döwürde ýer öz jümmüşinden «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» ummasyz mukdaryny eçildi. 2014-nji ýylda Barsagelmez ýatagyndan bir million tonna golaý nebit çykaryldy.

Hereketsiz duran guýulary abatlandyryp işe girizmek, nebit göteriji sütünlerde emele gelýän parafiniň garşysyna gyzdyryş çärelerini, dürli himiki erginleri ulanmak, gurluşyk-gurnama, nebitli guýulary düýpli ýerasty abatlamak, guýularyň suwlanmasyna garşy böwetleme (çetleşdirme) we çäge dykysynyň emele gelmegine garşy çäre geçirmek ýaly işler yzygiderli alnyp barylýar. «Nebitdagnebit» NGÇM-niň işgärleri «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alym-hünärmenleri bilen ýygy aragatnaşyk saklaýarlar. Institutyň hünärmenleri bu ýatagyň ähli gazlift guýularyny KGU-25 klapanlar bilen üpjün etmek, guýularyň önüm berijiligini sazlamak we artdyrmak, nasosly guýulary dinamograf peýdalanyp näsazlygyny anyklamak, geljek zyýanyň öňüni almak, guýulardan nebit çykarmagyň bähbitli usullaryny saýlap almak, guýularyň suwlanmasyny azaltmak, çäge gelmesiniň garşysyna göreşmek, guýynyň düýpýaka zolagyny berkitmek we beýleki guýa degişli işleri geçirip durýarlar.

Mundan başga-da, nebit we gazy çykarmak, ýerasty gatlagyň basyşyny saklamak, daşky gurşawy goramak, poslamanyň garşysyna göreşmek, turba geçirijiden nebit we gaz akdyrylanda ýüze çykýan kynçylyklaryň garşysyna göreşmek we beýleki işler bilen meşgul bolýarlar.

Barsagelmez ýatagynda nebit çykarmagyň birnäçe usullary ulanylýar. Çykarylýan nebitiň 65 göterimden gowragy, esasan, gazlift usuly bilen çykarylýar. Gazkompressor desgalarynyň gurulmagy gazlift guýularyny gaz bilen üpjün etmäge hem-de harytlyk gazy toplamaga mümkinçilik döretdi. Barsagelmez we Goturdepe ýataklarynda gaz beketleri guruldy. 2007-nji ýylda gurlup, ulanmaga berlen Goturdepe gazkompressor bekedi Barsagelmeziň gazlift guýularyny gaz bilen üpjün etmäge ýardam edýär. Gaz bekedi nebit bilen bile çykýan ugurdaş gazlary arassalap, toplap, gazlift guýularynyň önümli işlemegine kömek edýär.

Elektrosentrobež (ESN – merkezden daşlaşýan) usulyny suwuklygy köp bolan guýularda ulanmak amatlydyr. Häzirki gün bu usul bilen Barsagelmez nebit-gaz ýatagynda guýylar özleşdirilýär hem-de bu ESN enjamyny ýene-de täze guýularda ornaşdyrmak göz öňüne tutulýar. Russiýanyň önümi bolan bu enjam has kämilleşen görnüşde önümçilige ýene-de gaýdyp geldi we ulanmaklykda öz ornuny tapdy.

Barsagelmeziň nebitgaz ýatagynda Finlýandiýanyň önümi bolan ežektor nasos usuly bilen we Germaniýanyň önümi bolan hyrly nasos usulynda guýylar işläp dur. Hyrly nasos usulyny gaty çuň bolmadyk guýular üçin ulanmak amatly hasaplanýar. ESN, ežektor we hyrly nasoslar dünýä tejribesinde nebit çykarmagyň täze döwrebap usullary hasaplanýar.

«Nebit-gaz çykarmak ýurdumyzyň iň girdejili we onuň ykdysady kuwwatlylygynyň artmagyna itergi beriji esasy pudakdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda belläp geçýär. Barsagelmezli nebitçiler özleriniň borçlaryna oňat düşünip, tutanýerli zähmet çekýärler. Döwlet borçnamalarynyň dolmagyna özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Barsagelmezli nebitçiler bu ýerden bol nebit akymyny almakda zerur bolan döwrebap enjamlar bilen üpjün etmekde elmydama hemaýat berip duran hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Saparmyrat ARTYKOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.

Başga makalalar
165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.

165c31806f1f62.jpeg
Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň döreýşi

Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň döreden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň kanoniki portreti bezeýär. Bu portret Magtymgulynyň keşbiniň hut şeýle bolandygyna ynamymyzy berkitdi. Ýogsa, eseriň döredilen wagty suratkeş bary-ýogy 23 ýaşynda eken, ol şonda-da fotosuraty bolmadyk şahyryň keşbini şekillendirmäge ýaýdanmandyr. A.Hajyýewiň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň asyl keşbiniň emele gelşine düşünmek üçin bu eseriň döreýşiniň taryhyny ýatlamagy makul bildik.


165953ddc0ebdf.jpeg
Sergeý Lazarew joşgunly türkmen tomaşaçysynyň öňünde dyza çökdi (Arhiwdan 2014 ýyl)

Rus estradasynyň ýyldyzy Sergeý Lazarewiň Sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda guralan çykyşy diýseň uly şowhun döredip, tomaşaçylaryň müňlerçesinde gyzyklanma döretdi.