Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW

13:58 27.04.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1141/original-16087d13f4eedd.jpeg

Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.

Şu gün Atageldi GARÝAGDYÝEW — ussatnews.çom elektron gazetiniň redaksiýasynyň myhmany. Däp bolşy ýaly, biz meşhur opera aýdymçysy bilen çaý başynda söhbetdeş bolduk.

— Atageldi halypa, Size “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragynyň berilýändigi baradaky habary nähili kabul etdiňiz?

— Bu meniň üçin düýbünden garaşylmadyk waka boldy. Bu belent halkara sylagy – tutuş ýurdumyzyň gazanan üstünligi diýip hasap edýärin, ol Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýeti hemmetaraplaýyn goldamaga we döredijilik taýdan ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň tutuş dünýäde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

— Size GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň jemlenmesi bolan konserti açmak we ýapmak hormaty miýesser etdi.

— Hawa, bu maňa bildirilen uly ynam hem-de meniň döredijiligime goýlan uly hormat boldy. Men konserti Nury Halmämmedowyň sazyna ýazylan “Aşgabat hakynda aýdym” bilen açdym we onuň ahyrynda Rejep Rejebowyň “Türkmenistan” diýen aýdymyny ýerine ýetirdim.

Bu konsertde bir pursat meniň üçin aýratyn ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Ol meniň kalbymda hemişelik galar. Bize — konserte gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň adyndan ajaýyp gül sebedi sowgat berildi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek isleýärin.

— Atageldi halypa, döredijilik ýoluňyz barada gürrüň beräýseňiz.

— Men Mary welaýatynyň Egrigüzer obasynda dünýä indim. Meniň zehinim çagalykda ýüze çykdy, mekdep ýyllarynda bolsa, dürli çärelerde çykyş edip, bäsleşiklere we festiwallara üstünlikli gatnaşypdym.

Orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyň sazçylyk mekdebine okuwa girdim, ol ýerde Nury Halmämmedow halypam boldy. Nury Halmämmedow hem-de Gurbannazar Ezizow bilen bilelikdäki döredijiligimiz bizi uzak ýyllaryň dowamynda birleşdirdi. Häzir hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde döredijilik iş saparlarynda bolup, tomaşaçylaryň göwün söýen aýdymlaryny - Nury Halmämmedowyň Gurbannazar Ezizowyň sözlerine ýazan aýdymlaryny uly höwes bilen ýerine ýetirýärin.

Soňra Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girdim, ol meniň üçin uly döredijilik mekdebine öwrüldi. Ony tamamlap, Watanymda, Magtymguly adyndaky Döwlet opera we balet teatrynda işimi dowam etdim, bu ýerde dürli keşpleri ýerine ýetirdim. Iki ýyldan bolsa, ýene Moskwa, Uly teatra gitdim, ol ýerde maňa meşhur bariton Pawel Lisisyn halypalyk etdi. Onuň kömek etmegi bilen biz belli operalardan partiýalaryň birnäçesini — Rossininiň “Sewil dellegi”, Werdiniň “Trawiata” operalaryndan ariýalary we beýleki çykyşlary taýýarladyk, soňra olary maňa Aşgabatda öz teatrymyzda ýerine ýetirmek bagty miýesser etdi.

— Bu günler näme bilen meşgullanýarsyňyz?

— Häzir Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynda talyplara tälim bermek bilen, öz sesimiň üstünde işlemegimi hem dowam edýärin. Bu bolsa maňa operalardan ariýalary, romanslary, ýerine ýetirmegime ýardam edýär. Ine, bu günler hem sungatyň beýik güýji meni teatra çekmegini dowam edýär.

— Atageldi halypa, türkmen operasynyň geljegine garaýşyňyz?

— Ýurdumyzyň opera sungatynyň uly geljegi bar diýip ynamly aýdyp biljek. Bu sungata ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çäreleriň hem hut opera sahnasy bilen açyljaklygy aýdyň şaýatlyk edýär.

— Döwürdeş şahyrlarymyzyň, kompozitorlarymyzyň we aýdymçylarymyzyň hatarynda kimleri görkezerdiňiz?

— Biziň zehinli sungat ussatlarymyz az däl. Olaryň haýsylary bilen işlemegiň ýaraýandygyny aýdaýyn. Olaryň hatarynda kompozitorlar Rejep Rejebow, Daňatar Hydyrow, şahyrlar — Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Akmyrat Rejebow, Döwletgeldi Annamyradow bar. Ajaýyp opera aýdymçylaryny hem görkezmek isleýärin: tenor Atajan Berdiýew, bas Tirkiş Mätnazarow, bariton Ýusup Garýagdyýew, soprano Leýli Ökdirowa, olaryň geljeginiň uludygyny ynamly aýdyp biljek.

— Meşhur adamlaryň maşgala durmuşy olaryň muşdaklarynda hemişe uly gyzyklanma döredýär. Öz maşgalaňyz, çagalaryňyz barada hem gürrüň beräýseňiz. Olaryň içinde siziň kesbiňize eýerenler barmy?

— Aýalym Ogulbike Garýagdyýewa ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň aktrisasy. Biz Moskwada bile okadyk. Biziň 2 oglumyz, bir gyzymyz we 8 agtygymyz bar. Aýalym bilen ömrümizi sungata bagyşlan hem bolsak, çagalarymyz başga hünärleri saýlap aldylar.

Gyzym Dursun — rus dili we edebiýaty mugallymy, oglum Şöhrat — serhet gullugynyň podpolkownigi, Farhat bolsa — Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynyň suratkeşiniň kömekçisi. Ine, agtyklarym bolsa, saz bilen meşgullanýarlar.

— Atageldi halypa, Size täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

Ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga makalalar
1608556950c38e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.


15f7c864a1531b.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.


160642518ad5c0.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew

Halypa artist Anna Meläýew kino we sahna eserlerinde ençeme keşbi döretdi, çeper filmlere ses bermäge gatnaşdy. Ol ýüz keşbi, hereketleri, sözleýiş äheňi bilen sahnada janlandyrýan gahrymanlarynyň häsiýet aýratynlyklaryny tomaşaça ýetirmäge ussat. Şeýdibem ol milli ýa-da daşary ýurt eserleri bolsun, tomaşaçyny döredýän keşbiniň dünýäsinde ýaşadyp bilýär.


16040fe227d289.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Almagül NAZAROWA

Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan aýdymçy zenan, dessançy bagşy Almagül Nazarowa bilen söhbetdeş bolup, onuň sungat ýoly barada beren täsirli gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.


160899e3947e6e.jpeg
Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi.