Habarlar

Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)

https://ussatnews.com/storage/posts/1152/original-160899e3947e6e.jpeg

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi. Aýdymlary uly mähir we söýgi bilen ýerine ýetiren aýdymçynyň kalbyňy heýjana salýan mahmal sesi bu ýere gelenleriň hiç birini biparh goýmady.

Konsert tamamlanandan soň, Anatoliý Iwanowiç ÝARMOLENKO gazetimiziň okyjylary üçin söhbetdeşlik etmäge razylyk berdi.

– Anatoliý Iwanowiç, Sizi üstünlikli çykyş etmegiňiz bilen gutlaýarys. Şu günki konsertden çen tutanyňda, Türkmenistanyň tomaşaçylary Sizi unutmaýarlar we söýýärler, Siziň aýdymlaryňyzy bolsa kalplarynda göterýärler. Şu günki konsert Siziň özüňizde nähili täsir galdyrdy?

– Örän gowy täsir galdyrdy. Zalda diňe ýaşuly nesliň wekilleri däl-de, eýsem, biziň aýdymlarymyzy bilýän ýaşlaryň hem bolmagy mende örän ýakymly duýgy döretdi. Olar ejeleri, kakalary, eneleri we atalary bilen bilelikde goşulyşyp aýdym aýtdylar. Bularyň hemmesi biziň toparymyzda türkmen tomaşaçysyna aýratyn höwes bilen şatlyk peşgeş bermek islegini döretdi. Tomaşaçylaryň güler ýüzleri, ýanyp duran gözleri we şadyýan gülküleri bizi diýseň ruhlandyrdy.

Men Türkmenistanda aýdymlarymyzy bilýän we söýýän adamlaryň ýaşaýan ajaýyp ýurdunda çykyş etmek mümkinçiliginiň dörändigine örän guwanýaryn. Türkmenistanyň we Belarusuň geljekde hem dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmegini arzuw edýärin! Çünki biziň kakalarymyz, atalarymyz uruş ýyllarynda egin-egne berip, duşmana garşy söweşdiler, olaryň edermenligi netijesinde bolsa biz şu bagtly döwürde ýaşaýarys. Umumy taryhymyzyň bu pursaty bizi has-da berk jebisleşdirmelidir.

Pursatdan peýdalanyp, türkmenistanlylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýetip gelýän 20 ýyllygy hem-de ýurtda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlamak isleýärin.

Häzir dünýäniň dürli ýurtlarynda Türkmenistanyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Siziň ajaýyp ýurduňyza gaýtmazdan öň, men Aleksandra Pahmutowa we onuň ýanýoldaşy Nikolaý Dobronrawow bilen duşuşdym. Olar meniň bu ýere gidýänimi eşidip, özleriniň hem Türkmenistanda bolup, onuň ajaýyp, hoşniýetli we myhmansöýer adamlary bilen duşuşmak isleýändigini aýtdylar.

Konsert mahaly men türkmenistanlylara Aleksandra Pahmutowanyň we Nikolaý Dobronrawowyň salamyny ýetirdim hem-de olaryň haýyşy boýunça türkmen tomaşaçylary üçin sowgat hökmünde şol sungat ussatlarynyň «Belowežsk jeňňelligi» atly aýdymyny aýdyp berdim.

— Anatoliý Iwanowiç, Siz Türkmenistanda ozal hem bolup görüpsiňiz, emma ondan bäri köp wagt geçipdir. Biziň ýurdumyz bu gezek Sizde nähili täsir döretdi?

— Men öz wagtynda Baku şäherinde, aýdym-saz toparynda gulluk etdim. Şol döwürde konsert bilen Türkmenistanyň ençeme şäherlerinde we obalarynda, şol sanda Aşgabatda bolup çykyş etdik. Birneme soňra «Sýabry» topary bilen Türkmenistanda döredijilik saparynda bolduk. Bu ýerde köp adam bilen dostlaşdym, bu ajaýyp ýurt meniň üçin örän mähirli we ezizdir. Türkmenistanda çykyş etmegi teklip edenlerinde, meni uly şatlyk duýgusy gurşap aldy. Çünki meniň kalbymda siziň ýurduňyz we onuň ajaýyp adamlary barada mähirli ýatlamalar saklanyp galdy.

Konsertden öň maňa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ganatly bedewler» atly kitabyny sowgat berdiler. Onda dünýä belli ahalteke bedewleri hakynda edilýän alada barada berilýän gürrüňe haýran galdym. Biziň Prezidentimiz hem atlara uly sarpa goýýar. Ine, bu gün bolsa toparymyz konsert maksatnamasyna at hakynda aýdym goşup, ony iki döwletiň Liderlerine bagyşlady.

Men bu gezek düýbünden başga ýurdy, başga şäheri gördüm. Aşgabat şäheri tanalmaz derejede özgeripdir, paýtagtda gurlan ajaýyp binalar, arassa we giň köçeler aklymy haýran etdi. Siziň ýurduňyz we paýtagtyňyz gysga döwrüň içinde doly özgeripdir. Meniň pikirimçe, bu özgerişlikde siziň Prezidentiňiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly hyzmaty bar. Bu gözelligi we bagtly halky synlap, Türkmenistanyň Prezidenti öz halkynyň abadançylygy barada uly alada edýär diýen netijä gelýärsiň.

Men türkmenistanlylara parahatçylykda ýaşap, ýurduň Bitaraplygynyň we Garaşsyzlygynyň gymmatyna sarpa goýmagyny we bagtly bolmagyny arzuw edýärin!

— Köp sag boluň, Anatoliý Iwanowiç. Biz hem Size uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

Ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga habarlar
16ab542320b5a9.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.


16ab53cb6bd58a.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň wekilleri HUAWEI CONNECT 2026 halkara sergisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygy we goldawy bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.


16ab53625587cb.jpeg
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi iri sebit taslamalarynyň barşy barada aýtdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatda Lahoryň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Ambassadors' Dinner 2026» atly däp bolan diplomatik agşamlyk naharyna baş myhman hökmünde gatnaşdy.

16aa91fc63abdc.png
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.


16aa8e8df3d76e.png
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.