Makalalar

Kalby ylhamly goja şahyr

https://ussatnews.com/storage/posts/1168/original-1608e46082efac.png

2018 ýylynyň 31-nji iýulynda segsen ýaşy arka atan bu nurana ýaşuly, daşyndan synlanyňda, ömür salyndan mesaňa ýaş görünýär. Oturyp-turşam, öýüň hojalyk işleri bilen öz maýdalyna gümra bolup, mal-garalara idi-yssywat edişem, Balkanabat şäherinde barjak ýerlerine, gaty bir gyssaglyk ýüze çykaýmasa, pyýada gidişem bu aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Ýaşan manyly ömrüni nebit-gaz ulgamynda zähmet çekip geçiren bu nurana gojany – Nazly TUWAKGYLYJOWY şahyr hökmünde-de giňden tanaýarlar. Dürli ýyllarda «Galkynyş», «Sargyt», «Obada ilkinji tam», «Garaşsyzlygyň höziri», «Ýasganyň lakga balygy», «Ýazy küýsedim», «Ýoly ýörän ýeňer» ýaly kitaplary çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilen Nazly aga indi ýigrimi ýyl bäri hormatly dynç alyşda. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, Gahryman Arkadagymyza, agzybir il-ulsumyza, çagalarydyr agtyk-çowluklaryna guwanyp-buýsanyp ýaşaýar. Nazly aganyň goşgulary häzirki günlerimizde hem metbugatda yzygiderli çap edilip, okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Şahyr Nazly Tuwakgylyjow 2019-njy — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Biz hem öz gezegimizde juwan ýürekli goja şahyry ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylaryna ýakyndan tanyşdyrmak üçin onuň bilen söhbetdeş bolduk.

– Nazly aga! Tüweleme, daşyňyzdan synlanyňda, juda ýaş görünýärsiňiz. Eýsem, juwanlygyň syry nämede?

– Men hiç wagt kynçylykdan çekinen adam däl. Durmuşy, maşgalamy, çagalarymy, agtyk-çowluklarymy, goňşy-golamlarymy, deň-duşlarymy hemişe söýüp, hormatlap, olaryň durmuşdaky üstünliklerine, rowaçlyklaryna guwanyp ýaşaýaryn. Ýogsam, kynçylyk baram görüldi. Men uruş ýyllarynyň oglany ahyryn. Ejem pahyr maňa «Hemişe arzuwlaryň hasyl boljagyna ynangyn, guzym, ynamy güýçli adamlar bagtly bolýandyr» diýerdi. Durmuşda şähdaçyklyga, her bir işde halallyga gol bermeli. Hiç wagt çilim çekmedim. Hemişe hereketde bolmak, barjak ýerime pyýada gitmek baş ýörelgäm bolup galypdyr. Özümi bilelim bäri aýdym-sazy, kitaplary, gündelik gazet-žurnallary gowy görýärin. Owkadyňam wagtly-wagtynda, özem küýsäp iýmegi berk ýola goýmaly, süňňüňi ukudan nadyl etmejek bolmaly. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Ähli babatda dünýä nusgalyk şeýle ajaýyp döwletde ýaşap ýörkäň, asyl, garramaga wagt hem ýok.

–Siz ýazyjy, esasanam, işçi şahyr hökmünde edebi jemgyýetçilik tarapyndanam, okyjylar köpçüligi tarapyndan hem ykrar edilen döredijilik adamy. Ilkinji goşgyňyzy haçan ýazypdyňyz? Önümçilikde işläp, döredijilik bilen meşgullanmak, özem çynlakaý meşgullanmak barada nämeleri aýdyp bolar?

– Gündogary öwrenijileriň biriniň ýatlamasynda jaýdar nygtaýşy ýaly, türkmenlerde ýigrimi bäş ýaşaýança olaryň goşgy düzüp görmedigi ýokdur. Ilkinji şygrymy goşun gullugyndakam eziz şäherim, türkmen nebitçileriniň mekany bolan Nebitdaga (häzirki Balkanabada) bagyşlap döredipdim. Dogrudan hem, soňy bilen güräp giden goşgularymyň agramly bölegi zähmet, zähmet adamlary hakda boldy.

Ol meniň gazçy hünärimi juda söýenligimden bolmagam mümkin. Şonuň üçin hem önümçilikden aýrylman ýazyberdim. Zehin üşnüginden paýyň bar bolsa, gündelik görýän zadyň hakda okyjynyň ýüregine aralaşyp bilýän eserleri döretmek saňa ruhy lezzet berýär. Ýöne ol şygyrlary ýazmak beýleki temalardan goşgy döretmekden aňsatdyr öýdäýmäň. Önümçilik hereket bilen, goşgy bolsa zehin bilen döreýär ahyryn.

– Maşgalaňyzda çeper döredijilik bilen meşgullanýan barmy?

– Häzir-ä ýok. Şoňa özümem geň galýaryn. Ýogsam iki ogul, dört gyzymdan örňän on dokuz agtygymyň, on bäş çowlugymyň mekdebe gatnap ýörenleriniň ählisi diýen ýaly goşgy okamagy, ýat tutmagy gowy görýärler. Meniň goşgularymy özüme labyzly okap berip ýörenleri hem bar olaryň. Onsoň hem, çeper döredijilik kesp-kär däl ahyryn, nesilden-nesle geçer ýaly. Ýöne agtyk-çowluklarymyň gowy okyjylardygyna welin, çäksiz buýsanýaryn. Galanynam, ýol uzak, durmuş görkezer, nesip bolsa. Berkarar diýarymyzda çagalaryň, ýaşlaryň zehin üşnügini kämilleşdirmek, ösdürmek üçin ähli zerur şertler bar. Munuň üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlarynyň sagdyn, berk bedenli, ruhy taýdan kämil, zehinli adamlar bolup ýetişmeklerini döwlet derejesindäki has möhüm wezipeleriň birine öwürdi, munuň özi türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň aýdyň güwäsidir.

– Döredijilik adamy, şahyr hökmünde döwür bilen aýakdaş gitmek mümkinmi?

– Şahyr öz ýaşaýan döwri bilen deň gadam urmalydyr. Şahyryň döredýän goşgulary, meniň ynanjyma görä, ýaşaýan döwrüniň çeper beýany bolmalydyr.

Şu ýerde bir buýsançly hakykaty nygtasym gelýär, ol-da hormatly Prezidentimiziň taýsyz paýhasyndan, ýiti zehininden döreýän eserleri bize — çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlara nusgalyk mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz hem ýazyjy, hem şahyr, hem sazanda, hem aýdymçy. Bularyň her biriniň öňünden «ussat» diýen mukaddes sözi tüýs ýüregimden goşasym gelýär.

Öz etsem-goýsamlarym barada aýtsam, şygyrlarym «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat», «Nesil», «Esger», «Balkan» gazetlerinde yzygiderli çap edilýär. Dünýä nusgalyk ata Watanymyz barka neneň:

Senden beýik dörediji ýok, Watan,

Aňlary ösdürip, barýarsyň öňe...

Watan, menem seniň ýaradan synaň,

Senden geldim, ýene barýaryn saňa - diýmäýin!

Türkmen halkyny baky bagtdan paýly eden Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Söhbetdeş bolan Hojaberdi BAÝRAMOW,

                                                   USSAT NEWS.

Ussat news

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.