Habarlar

В Туркменистане состоялся концерт, посвящённый 30-летию нейтралитета

https://ussatnews.com/storage/posts/11708/original-16933c5402acb6.jpeg

Batly ösüşler, ýeňişli menziller we toý-baýramlar bilen bezlenýän eziz ýurdumyzda, Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygynyň bellenişi uly şöhrat we şatlyk bilen geçýär. Bu şanly sene mynasybetli, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde baýramçylyk konsertleri, sazly agşamlar, edebiýat bäsleşikleri we sergiler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň arasynda, 5 dekabrda mekdebimiziň konsert zalynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “kamera” eserlerden düzülen aýdym-sazly agşam geçirildi.

Konsertiň girişi, Halkara edebiýat bäsleşikleriniň laurýaty, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň halypa mugallymy we tanymal sazşynas Ýuliýa Jumaýewanyň sözleri bilen başlandy. Ol çykyşynyň başynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli, noýabr aýynda Moskwada geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly IX Halkara sungat festiwalynda, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV ýyl talyplary Selbi Imamowy (I dereje, “Aýdym aytmak sungaty”) hem-de Aýnura Kabulowy (II dereje, “Fortepiano”) laurýat derejesine eýe bolandyklaryny gutlap, bu festiwal barada gelen myhmanlary tanyşdyrdy.

Soňra, ol bu sungat festiwalyň Art-direktory, tanymal kompozitor, pianist we saz-jemgyýetçilik işgäri Mamed Guseýnowyň döredijiligi barada gysgaça durup geçdi. Çykyşynyň esasy bölegi, kompozitoryň ýakynda döreden fortepiano üçin “Alty sany çagalar pýesasy” atly albomynyň tanyşdyrylyşydy. Mugallym, albomyň içindäki her pýesanyň sazly şekilini, miniatýuralaryň çeperçilik ideýasyny we mazmunyny prezentasiýa arkaly örän täsirli şekilde gürrüň berdi. Kompozitor albomyň girişini Ýuliýa Jumaýewanyň “Шесть детских пьес” Мамеда Гусейнова – самобытное явление современного фортепианного искуства” atly nazary derňewli makalasy bilen başlaýar. Kitabyň sahypalarynda, zehinli suratkeş Kössekmurat Nurmyradowyň (Kössek) gündogar miniatýurasy usulynda, ýiti-gyzyl reňkli suratlary ýerleşdirilen.

Çykyşynyň ahyrynda, Ýuliýa Jumaýewa, “Dutaryň owazy” atly IX Halkara sungat festiwalynyň netijeleri boýunça, kompozitor Mamed Guseýnowyň Moskwadan ýörite sungat mekdebimize sowgat beren bukletlerini, festiwala gatnaşanlaryň diplomlaryny we Hormat hatlaryny, şeýle-de fortepiano üçin “Alty sany çagalar pýesasy” atly kitabyny konserde jemlenen diňleýjilere görkezdi.

Konserdiň indiki pursadynda, “Alty sany çagalar pýesasy” atly fortepiano albomynyň içindäki №1 “Çagalygyň sesi”, №2 “Trubadur” (Bagşy), №3 “Erteki”, №4 “Jadyly düýş”, №5 “Скарабей” ýaly pýesalar yglan edilip, “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Dilaram Awanesowa tarapyndan ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Albomyň içindäki №5 “Скарабей” pýesasy “Fortepiano” bölüminiň IV ýyl talyby Aýnura Kabulowa tarapyndan ýerine ýetirildi. Çeper pikirini özboluşly beýan edýän bu miniatýura eserlerinde, çaga dünýäsiniň şirin owazy, şatlyk we ertekilerdäki hyýaly sýužetler saz bilen örän täsirli şekillendirilýär.

Konsertiň beýleki pursadynda, Çary Nurymowyň “Teke nagyşlary” №3 we №5 pýesalary, “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Aziza Gaipowanyň ýerine ýetirilişi bilen özboluşly äheňde ýaňlandy. Tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpmalary bilen konsertiň indiki ýerine ýetirilen eseri yglan edildi.

Bu eserler, lirizme baý we owadan owaza eýe bolan kompozitor Jeren Gurbangylyjowanyň “Durnalar” we “Ýagyşly gün” romanslarydyr. Olary “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň halypa mugallymy Mamagül Hutdyýewa özboluşly owazda ussatlarça ýerine ýetirdi. Romanslaryň öwüşginli akkompanementi “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Ajap Ilowanyň sazandarlyk etmeginde mazmunly ýaňlandy. Şeýle-de, Jeren Gurbangylyjowanyň fortepiano üçin №1 prelýudiýasynyň owadan äheňi we eseriň baý temperamentini Aýnura Kabulowa ezberlik bilen çalyp görkezdi.

Kompozitor Baýram Hudaýnazarowyň “Älemgoşar” aýdymyny, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Ilşat Ildarow liriki mazmunly äheňde çuňňur duýguly obraza sazlaşdyrdy we tomaşaçylara ýetirdi.

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplarynyň köpüsi, okuw sapaklaryndan başgaça, döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar. Olaryň döredijilik zehinleri täze eseriň döremegine getirdi. Şolaryň arasynda şowly çykan eserler: Maral Açilowanyň “Jaz improwizasiýa” (mug. Ýu. Jumaýewa), Joşgun Baýjanowyň “Türkmen mukamy” (mug. Ýu. Jumaýewa), Akjemal Seýitkulyýewanyň “Rondo” (mug. B. Hudaýnazarow) bu günki konserdiň repertuaryny özboluşly bezedi. Eserleri awtorlaryň özleri ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el-çarpmaklygy bilen gyzgyn garşylandy.

Konserdiň meýilnamasyny bezeýän indiki eserler: “Ýaňlan, Diýarym” Döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi “Hor dirižýorlygy” bölüminiň mugallymy Orazgül Bazarowanyň (kons. D.Awanesowa) çykyşynda: “Leýli we Mežnun” operasyndan “Çykdym güller” atly Leýliniň ariýasy we S.Tüýliýewyň “Ezizim” aýdymy ýakymly owazlandy.

Wokal sungatynyň çylşyrymly ýerine ýetirijiligini özünde jemleýän Nury Halmämedowyň “Aşgabat” romansy konserdiň joşgunly nokadyny goýdy. Bu romans, Moskwada geçirilen “Dutaryň owazy” atly IX Halkara sungat festiwalynyň laurýaty, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Selbi Imamowanyň (mug. M.Hutdyýewa, kons. R.Täjihalowa) ussatlarça aýtmagy bilen tomaşaçylara ýetdi. Kompozitoryň sazynyň her bir jümlesi, Garaşsyz we Bitarap Watanymyzy, ata-eneleri, asuda asmany we parahat durmuşy wasp edýär.

Halkara Bitaraplyk güni, parahatçylygy, agzybirligi, belent maksatlary we ynsanperwer ýörelgeleri alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk konserti hem ýörite sungat mekdebimiziň ýene bir şowhunly pursadyna öwrüldi.

Aziza Seýitkulyýewa,

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.

Başga habarlar
1692a9dc8f1ec5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň çykarylyşyny artdyrmak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy

28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


169234b359747b.jpeg
Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunçä bäsleşik geçirildi

21-22-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapynda guralan bu bäsleşige ýurdumyzyň çar künjünden ýaşlaryň 300-e golaýy öz taýýarlan robotlary bilen gatnaşdy.


1692176e9a584d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” DK tarapyndan gaz geçiriji ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen teklibi makullady

21-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.

1691964b261af2.jpeg
Aşgabatda «Biz dürli, emma deň» atly festiwal geçirildi

15-nji noýabrda paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähinde «Biz dürli, emma deň» atly inklýuziw festiwal geçirildi.


1690ed04318328.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy mynasybetli gutlady