Makalalar

HALKYMYZYŇ BUÝSANJY— AK MERMERLI AŞGABAT

https://ussatnews.com/storage/posts/1171/original-1608fbd1153b62.jpeg

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň ýatda galyjy wakalara beslenjek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe sürüp, halkymyz baradaky alada ýugrulan beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan bu taryhy işleriň hatarynda ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.

Bu gün ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak üçin döwletimiz tarapyndan uly serişdeler goýberilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň çäkleri giňeldilýär, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, täze orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarydyr söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu döwrebap binagärlik toplumlarydyr desgalar türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar.

Bu işleriň hatarynda şäheriň amatly ekologiýa gurşawyny emele getirýän bag-bossanlyklaryň döredilmegi döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklaýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň tekliplerine laýyklykda, paýtagtymyzda köp gatly belent ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda, pes gatly, şol sanda kottej görnüşli jaýlar hem bina edilýär. Bu bolsa, raýatlaryň ýaşamak üçin amatly we göwnelaýyk öýleri saýlap almagyna mümkinçilik berýär. Geçen ýyllaryň içinde şeýle giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygynyň alnyp barylmagy netijesinde, aşgabatly maşgalalaryň müňlerçesi döwrebap öýlere göçüp bardy.

Ýakyn günlerde bolsa Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ýurdumyzyň baş şäherini täze gurulan binalar — Çandybil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalary bezedi.

Çoganly ýaşaýyş toplumynda guruljak «Aşgabat-siti» atly ägirt uly şähergurluşyk taslamasy ýakyn geljekde paýtagtymyzyň keşbini has-da özgerder. “Aşgabat-siti” taslamasy häzirki döwürde dünýäde çalt depginde ösdürilýän ýokary derejeli innowasiýalara esaslanýan «akylly şäher» toparyna degişli bolup, bu ýerde dolandyryş işleri öňdebaryjy sanly we inženerçilik çözgütleriniň ornaşdyrylmagynyň hasabyna amala aşyrylar. Netijede häkimligiň we beýleki döwlet edaralarynyň jaýlaryny, umumybilim berýän orta mekdepleridir çagalar baglaryny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, çagalar döredijilik merkeziniň binalaryny öz içine aljak täze döwrebap şäher peýda bolar. Köpugurly hassahana, saglyk öýleri, söwda-dynç alyş merkezleri, sport mekdebi, stadion we sport toplumy, köp gatly awtoduralgalar, «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarynyň binalary gurlar. Täze şäherçede dürli dabaralardyr medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen «Türkmeniň ak öýi» binasy hem ýerleşer.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň üns-aladasy netijesinde gözel paýtagtymyz barha özgerýär, gözelleşýär, dünýäde nusgalyk şäherleriň biri hökmünde daşary ýurtly myhmanlaryň iň söýgüli mekanyna öwrülýär.

Dünýäniň dürli künjeginden gelen adamlar bu taryhy özgerişlikleri görüp-synlap, Aşgabadyň keşbine haýran galýarlar. Ak mermerli paýtagtymyzyň asuda agşamlarynda özboluşly ýalkym saçýan dürli reňkli yşyklar, täsin suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, giň we döwrebap köçeleriň arassalygy hem-de abadanlygy — bularyň ählisi Garaşsyz hem-de baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda joşgunly ruhubelentlik duýgusyny döredýär.

Bu barada paýtagtymyzyň köp sanly daşary ýurtly myhmanlary söhbetdeşliklerinde belläp geçýärler. Mysal üçin, Belarus Respublikasynyň halk artisti, belli «Sýabry» toparynyň ýolbaşçysy Anatoliý Ýarmolenko Aşgabada garaşsyzlykdan öň gelip gördi. Köp wagt geçensoň, oňa ýene-de, ýöne indi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň paýtagtyna gelmek miýesser etdi. Şonda ol biziň bilen söhbetdeşliginde şeýle gürrüň berdi:

— Men «Sýabry» topary bilen öň hem Türkmenistanda döredijilik saparynda bolupdym. Şonda bu ýerde açykgöwünli, myhmansöýer adamlaryň köpüsi bilen dostlaşdym, şonuň üçin siziň ýurduňyz meniň üçin aýratyn ezizdir. Bu gezegem Aşgabatda çykyş etmegi teklip edenlerinde, meni uly şatlyk duýgusy gurşap aldy. Çünki meniň kalbymda türkmen paýtagty we onuň ajaýyp adamlary barada mähirli ýatlamalar saklanyp galdy.

Emma men bu gezek düýbünden başga ýurdy, başga şäheri gördüm. Aşgabat tanalmaz derejede özgeripdir, bu ýerde gurlan ajaýyp binalar, arassa we giň köçeler akylymy haýran etdi. Siziň ýurduňyz we paýtagtyňyz gysga döwrüň içinde doly özgeripdir. Meniň pikirimçe, bu özgerişliklerde siziň hormatly Prezidentiňiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň örän uly hyzmaty bar. Bu gözelligi we bagtyýar adamlary synlap, Türkmenistanyň Prezidenti öz halkynyň abadançylygy barada uly alada edýär diýen netijä gelýärsiň.

Hawa, ýurdumyzyň baş şäheri täze gurlan ak mermerli binalarynyň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyzyň özboluşly desgalary bilen ençeme gezek Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa her bir türkmenistanlynyň buýsanjyna buýsanç goşdy.

Biz hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalarynyň netijesinde mähriban halkymyzyň abadançylygyna, eşretli durmuşda ýaşamagyna, watandaşlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýarys. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň her bir pursatda öz halky barada uly alada edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory,

Magtymguly adyndaky TDU-iň

ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäri.

Ussat news

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.