Habarlar

Aşgabatda ylmy-amaly maslahat geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/11779/original-169404e209c834.jpeg

«Nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata YBTGI-niň alymlary, ylmy işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Maslahatyň başynda, ilki bilen, bu ylmy edaranyň geologiýa işleri boýunça başlygynyň orunbasary Rahmetnur Aýmämmedow, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow goşa baýramçylyk mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde toplumyň ylmy işgärleri üçin döredilen amatly şertler, nebitgaz senagatynyň önümçiligini, geologiýa pudagynyň işini ösdürmekde ylmy-barlaglaryň ähmiýeti, häzirki wagtda degişli ugurlarda gazanylýan oňyn netijeler barada çykyş etdiler. Soňra pudagyň işgärleriniň çykyşlaryna giň orun berildi. Maslahatyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserninde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça geçirilýän çäreler, suwly işleýän ulanyş guýularynda gazy çykarmagyň tehnologiýasy, Gazlydepe gaz känini işläp geçmekligiň aýratynlygy, wodorodlaşma prosesiniň poslama täsiri, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, Demirgazyk Balguýy we Kükürtli gaz känlerindäki turşy gazlary amin bilen arassalaýan desgalaryň häzirki ýagdaýy, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň innowasion tehnologiýalary, Türkmenistanda kauçik önümçiligini gurnamagyň maddy binýady barada halypa alymlaryň we ýaş hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi.

Dabaraly pursatlara beslenen çäräniň dowamynda göreldeli işgärlere baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, şahyr Baýramsoltan Gurbanowanyň nebitgazçylary, geologlary, olaryň milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrýan asylly işlerini taryplap goşgulary okamagy ylmy-amaly maslahatyň has-da täsirli geçmegini şertlendirdi.

Başga habarlar
16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.

16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.