TÜRKMEN TÜRGENINIŇ HALKARA ÜSTÜNLIGI – WATANÇYLYK BUÝSANJY
Sport adamzat taryhynda diňe bir beden kuwwatynyň däl, eýsem ruhy durnuklylygyň, maksada okgunlylygyň we ýeňşe bolan ynamyň nyşany bolup gelýär. Häzirki döwürde sport ulgamy döwletleriň halkara abraýyny ýokarlandyrýan, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýeleýän möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen türgenleriniň dünýä arenasynda gazanýan üstünlikleri tutuş halkymyz üçin buýsanç çeşmesine öwrülýär. Şeýle üstünlikleriň biri hem Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Hojaýew Muhammediň Müsür döwletinde geçirilen paraolimpiýa oýunlarynyň powerlifting görnüşi boýunça 3-nji orna mynasyp bolmagydyr.
Bu abraýly halkara ýaryşda gazanylan üstünlik diňe bir bir türgeniň şahsy ýeňşi bolman, eýsem tutuş türkmen sport ulgamynyň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda sportuň ösdürilmegine berilýän uly ünsüň aýdyň subutnamasydyr. Paraolimpiýa hereketi dünýäde adamlaryň deň hukuklylygyny, ruhy kuwwatyny we mümkinçilikleriniň çäksizdigini görkezýän aýratyn sport ulgamydyr. Şeýle ýaryşlarda ýeňiş gazanmak, aýratyn hem güýç talap edýän powerlifting görnüşinde baýrakly orun eýelemek uly zähmeti, yzygiderli türgenleşigi we berk ruhy taýýarlygy talap edýär.
Balkanabat şäherindäki nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan bu ýaş türgen okuw bilen sporty utgaşdyrmak arkaly özünde tertipliligi, jogapkärçiligi we zähmetsöýerligi terbiýeleýär. Okuw mekdebinde alýan hünär bilimi bilen birlikde, sportda hem ýokary netijeleri gazanmagy başarýan Muhammet ýaşlara görelde bolup durýar.
Türkmen döwletiniň sport syýasatynda halkara üstünlik gazanan türgenleri goldamak, olary höweslendirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Hojaýew Muhammediň 70 000 manat pul baýragy bilen sylaglanmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu sylag diňe bir maddy goldaw bolman, eýsem ýaş türgene bildirilen uly ynamyň, hormatyň we döwlet tarapyndan berilýän bahanyň nyşanydyr.
Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenildi
«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çykan gününden bäri 15 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.