Gazçylar üçin täze ulaglar
Ýurdumyzyň gündogar sebitinde milli ykdysadyýetimizi ösüşiň täze belentliklerine göterýän möhüm pudaklaryň biri bolan gaz senagatynda ýerine ýetirilýän işler giň gerimde dowam edýär. «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň ulaglar parkynyň üstüniň täze tehnikalar bilen ýetirilmegi pudagyň işgärleriniň işini has-da ýeňilleşdirdi. Kärhana getirilen 11 sany täze «Dong Feng EQ 6820 ZT» kysymly awtobuslaryň işe girizilmegi bilen, gurluşyk we önümçilik meýdançalaryna bökdençsiz gatnaw has berkidildi. Şeýlelikde, şu günki gün kärhananyň garamagyndaky ýolagçy awtobuslarynyň umumy sany 27-ä deň boldy.
Hytaýda öndürilen täze ulaglaryň her biri 22 ýolagça niýetlenilip, olar sähralyklarda we çylşyrymly geçelgeleri bolan ýerlerde ýokary netijelilik görkezýär. Bu bolsa Garagumuň alaňlarynyň arassynda ýerleşýän iri gaz ýataklaryna işçi gatnawy meselelerini amatly we tiz çözmäge mümkinçilik berýär.
Täze awtobuslaryň berilmegi bilen gatnaw ugurlary hem kämilleşdirildi. Häzirki wagtda täze ulaglar bäş ugur boýunça hereket edýär. Olaryň biri Demirgazyk Balguýy liniýa önümçilik böleginiň Kerpiçli gaz känine, ikisi Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň Kükürtli gaz känine gatnaýar. Üç awtobus Bagaja we Malaý känlerine berkidilipdir. Galan awtobuslar Naýyp, Gazlydepe, Böwrideşik, Balguýy we Kerpiçli ýaly möhüm önümçilik merkezlerinde zähmet çekýänleriň hyzmatynda.
Täze awtobuslar diňe bir işgärleriň wagtyny tygşytlamak bilen çäklenmän, olaryň işleýän ýerlerine amatly we howpsuz şertlerde baryp-gelmegine mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, önümçilikde tertip-düzgün artýar, işgärleriň işjeňligi hem ruhy güýji ýokarlanýar.
Ýurdumyzda halkyň, esasanam, önümçilikde zähmet çekýänleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýakynda alnan döwrebap awtobuslar hem şol aladanyň nobatdaky miwesidir. «Gara altyny» we «mawy ýangyjy» ýer astyndan yhlasly zähmeti bilen çykaryp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrýan gazçylaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi olaryň zähmetine goýulýan uly hormatdyr.
Aşgabatda «Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllyk ýubileýi dabaraly bellenildi
«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çykan gününden bäri 15 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyga Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşiniň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.