«Her gijäni gadyr bil ...»
Külli musulman ymmaty üçin mukaddes bolan Oraza aýy tamamlanyp barýar. Bu mübärek aýyň her bir güni röwşen umyt-arzuwlara, haýyr-sahawata, ýagşy işlere beslenip, adamlaryň köňül töründen mynasyp orun aldy. Remezan aýy kalby päkligiň, arassalygyň, agzybirligiň aýydyr. Ýagşy umytlarda bolup, niýetiňi gowulyga dikmek, mübärek işleri nazarlamak halallykdan nyşan. Bu mukaddes aýda halkymyz täze dogan aýy ýüzüne sylyp, ýagşy dilegler edýär. Kalplaryny ynsanperwerlige baglaýar. Gadymyýetiň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Oraza halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, medeni we ruhy mirasyny özünde jemleýär. Bu mübärek aýyň maksady adamlaryň arasynda dostlukly, adamkärçilikli gatnaşyklary berkitmegi, özara birek-birek bilen düşünişip ýaşamagy gazanmakdyr. Däp-dessurlarymyza laýyklykda bu aýda agyz beklenýär. Her bir ojakda agzaçar sadakalary berilýär. Birek-birege, goňşy-golama gadyr-gymmatyň alamaty bolan agzaçarlaryň agzybirlikde uly ähmiýeti bar. Bu sadakalar, birek-birek bilen mähirli didarlaşmak adamlary ýakynlaşdyrýar, birek-birege bolan gatnaşyklary berkidýär.
Hawa, ýagşy işleri amala aşyrmaga hem-de kalby päklige çagyrýan bu mukaddes aýda adamlar beden we ruhy-ahlak taýdan saplanmaga ýykgyn edýärler. Metjitlere baryp, wagyz-nesihat diňlemeklige höwesek bolýarlar, bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň abadançylygy we halkymyzyň jebisligi barada dileg edilip, aýat-dogalar okaýarlar. Bu mübärek aýyň Gadyr gijesi köňüllere nur-şuglasyny bolluk bilen eçilýär. Bu gije iň eziz hem mähirli bolup, ol Orazanyň 27-sine geçilýän gijedir. Bu gije mukaddes Gurhanyň süreleriniň Arşdan Ýere inip başlan gijesi hökmünde hem hatyralanýar. Gadyr gijesi gijeleriň soltanydyr. Mähriban Arkadagymyz bu gijäniň türkmen halkynyň durmuşyndaky haýyr-şepagatyny has-da artdyrýar. Halkymyz «Her gijäni Gadyr bil, her kimsäni Hydyr bil» diýip, bu gijäniň has-da sarpalanýandygyny nygtaýar.
Ynsanperwerlik ýörelgeleri türkmen halky üçin beýik maksatlara tarap ynamly öňe gitmekde mizemez erk-islegiň we güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz nesilleriň we eýýamlaryň dowamlylygyny üpjün edýär, ýaşuly nesle hormat-sarpany artdyrýar. Alymlar öz nesihatlarynda: «Oraza tutmak jan saglygy üçin zekat, beden üçin taplanyş, ýagşylyga çakylykdyr» diýipdirler. Türkmen halkynda Oraza aýynyň, Aýt baýramynyň, Gadyr gijesiniň aýratyn orun eýeleýändigi, uly many-mazmuna eýedigi milli medeniýetimizde, mirasymyzda has aýdyň ýüze çykýar. Türkmen halkynyň geçen taryhy ýoly watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, paýhaslylyk, halallyk, dogruçyllyk, päklik ýaly beýik ýörelgelere beslenendir.
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda hem ynsanlaryň kalbyny tämizläp, olary biri-birine mähriban edýän, agzybirlige çagyrýan bu mukaddes aý Baýram namazynyň okalmagy bilen jemlener. Goý, bu mübärek Remezan aýynda eden ýagşy dilegleriňiz, beren sadaka-pitreleriňiz, her bir päk arzuw-niýetleriňiz beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.