Habarlar

«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnalyň täze sany çap edildi

https://ussatnews.com/storage/posts/123/original-15f91c45cdc077.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» atly jemgyýetçilik-syýasy we ylmy publisistik žurnalynyň täze sany çap edilip, okyjylara gowuşdy.

Neşiriň täze sany žurnalyň jogapkär redaktory Muhammetmyrat Atagarryýewiň «Mukaddes Garaşsyzlyk bagtymyzyň çyragydyr» atly makalasy bilen açylýar. Galamgär makalasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten belent sepgitleri, onuň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdaky ägirt uly ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Şahym Abdrahmanowyň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň Geologiki maglumatlar merkeziniň baş geology, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Bazar Çopanowyň, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Taganguly Ilamanowyň bilelikde taýýarlan «Guýy geofiziki we wertikal seýsmiki barlaglaryň 2D/3D seýsmogözlegleriň maglumatlaryny teswirlemekdäki ähmiýeti» makalasy žurnalyň şu sanyndaky düýpli işleriň biridir. Onda seýsmiki barlaglaryň netijesinde diňe gatlaklary we tektoniki jaýryklary yzarlamak bilen çäklenilmän, eýsem, onuň dogry çemeleşilende seýsmiki gözlegleriň maglumatlaryna görä, ähli ýatak we barlanylýan meýdan boýunça dag jynslaryny häsiýetlendirmek ýaly meseleleri çözmeklige hem mümkinçilik berýändigi seljerilýär.

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýewiň «Nebitgaz pudagy sanly ykdysadyýeti durmuşa geçirmekde uly ösüşe eýe bolýar» diýen makalasynda şu günüň möhüm meselesine seredilýär. Awtoryň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginde nebitgaz pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy barha uly ösüşe eýe bolýar». Bellenilişi ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, «Nebit-gaz» gazeti hem elektron görnüşe geçirildi.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Durdy Täjiýew öz makalasynda gaz akdyryş ulgamynyň abatlaýyş işlerinde gazy tygşytlamagyň usullary barada ylmy barlaglaryny beýan edýär. Gazy tygşytlamagyň kämilleşdirilen tehnologik zynjyrynyň şu işde görkezilen 4 görnüşinde hem toplanan gazy hususy harajatlara ulanmagyň ýa-da goşmaça gaz geçirijä bermegiň hasabyna hakyky tygşytlanjak möçberi kesgitlenilýär. Tygşytlanjak gaz hasaplamalaryň yzygiderliliginiň esasynda subut edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýär. «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň esasy ylmy işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Toýnazar Begnazarowyň makalasynda atmosfera edilýän täsirlere baha berilýär. Işde «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde geçirilen ylmy barlagyň netijesinde, kärhananyň nebitgaz çykaryş meýdançalarynda öndürilýän azot okisiniň we metan gazynyň, uglerod okisiniň ýaşaýyş ulgama täsiri derňelýär.

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Selim Paýtykowyň makalasynda Ýeriň kesigi boýunça ähli gatlaklary, ýer gabygynyň kontinental we umman gatlagynyň gurluşy, ýer gabygyny mantiýa çenli kesýän çuňluk bölünmesiniň zolaklarynyň ýokary nebitgazlylygy bilen tapawutlanyşy seljerilýär.

«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory Baýrammyrat Pirniýazowyň makalasy «Önümli «Şatlyk» gatlagynyň çalyşma zolagynda gaz ýataklaryny gözlemegiň geljegi» diýlip atlandyrylýar. Bu makalada Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň alymlarynyň esaslandyrmasynda hem-de «Türkmengaz» DK-nyň we «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik bölümleriniň bilelikdäki alyp baran işleriniň netijesinde Malaý käniniň golaýynda ykdysady taýdan özleşdirmäge amatly kükürtsiz tebigy gazyň täze ýatagynyň açylandygy, berlen teklipler, kükürtsiz gazyň ýokary çykymly akymy alnan gözleg we barlag guýulary, olaryň ulanyş gaznasyna geçirilip, gaz çykaryş müdirliginiň hasabyna berlendigi barada alnyp barlan işler beýan edilýär.

Mahlasy, žurnalyň sahypalarynda alymlaryň, esasy hünärmenleriň, žurnalistleriň pikirleri, ylmy garaýyşlary, derňewleri, maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.

Ussat news

Başga habarlar
16a8574bbc3626.jpeg
Ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda guwandyryjy zähmet ýeňişleri

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna giňden taýýarlyk görülýän günlerde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, nebitgaz toplumynda hem guwandyryjy zähmet ýeňişleri gazanylýar.


16a856ff73461a.jpeg
Türkmenistan kükürtsiz tebigy gazy gözlemek üçin geologiýa-gözleg burawlaýyş işlerini giňeldýär

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän birnäçe nebitgazly meýdançalarda kükürtsiz tebigy gazyň gözlegine aýratyn üns berip, giň gerimli geologiýa-gözleg we ulanyş burawlaýyş işlerini alyp barýar. Işler «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylýar.


16a8487f6d3e1b.jpeg
Umumymilli foruma taýýarlygyň çäklerinde maslahat geçirildi

Watanymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap ynamly gadam urýan döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.

16a7f0564212a3.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri dowam edýär

21–23-nji oktýabrda Aşgabatda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatyna we sergisine işjeň taýýarlyk işleri dowam edýär.


16a77258e21135.jpeg
Parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde okuw sapaklary

Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň daş-töweregi goramak bölüminiň gurnamagynda institutyň Maglumat-seljeriş merkezinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryna emeli hemra arkaly gözegçilik etmek üçin ösen tehnologiýalara degişli ugurlar boýunça monitoring etmek we olaryň üstünde takyklyga baha bermek, maglumatlary werifikasiýa etmek we başga-da degişli ugurlarda iş alyp barmaklygyň halkara usullaryna degişli wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn okuw sapaklary geçirildi.