Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçirler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Ol onuň 80 ýyllyk ýubileýine bagyşlanýar. Konsertiň birinji bölüminde Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, kompozitor Batyr Soltanow hem-de ýaş kompozitor Begmyrat Hudaýberdiýewiň (B.Hudaýnazarowyň kompozisiýa synpy boýunça uçurymy) çykyşlary diňleniler. Ussadyň ömri we döredijiligi barada gyzykly hem täsirli tanyşdyrylyşy “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy, sazşynas Aziza Seýitkulyýewa tarapyndan hödürlener.
Soňra B.Hudaýnazarowyň kamera-instrumental hem-de wokal eserleri ýerine ýetiriler. Olaryň hatarynda giňden meşhur we halk tarapyndan söýülýän “Derýa”, “Älemgoşar”, “Gel, obamyň lälesi”, Poema-mukam, Konsertino-gazal, Tokkata (Durdy bagşynyň hatyrasyna) hem-de beýleki eserler bar.
Konsertde sungat mekdebiniň öňdebaryjy mugallymlarynyň terbiýesinde okaýan zehinli talyplar çykyş ederler: Ilşat Ildarow, Jemal Guwandykowa (wokal, mugallymy Mamagül Hutdyýewa), Annageldi Mämmedow (wokal, mugallymy Täzegül Joraýewa), Narkuly Rozyýew (rubab, mugallymy Şukurbaý Jorakulyýew), Bahar Jumaýewa (fortepiano, mugallymy Gülşat Akyýewa), Nurulla Hemraýew (rubab, mugallymy Bahadur Haýdarow). Konsertmeýsterler – Larisa Koşelewa, Dilaram Awanesowa, Lýudmila Tokarýewa, Ajap Ilowa.
Olaryň aýdym-saz çykyşlarynyň öňüsyrasynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň talyplary Gözel Baýramowa we Arzuw Setdarkulyýewa tarapyndan taýarlanan ylmy-nazaryýeti nutuklary hödürlener. Bu çykyşlarda kompozitoryň eserleriniň dörediliş taryhy, sahna premýeralary hem-de saz stiliniň aýratynlyklary barada ginişleýin gürrüň berler.
Ýuluýa Jumaýewa,
sazşynas, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurylydy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatyýatynyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda iki aýyň jemlerine garaldy
7-nji martda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Balkanabatda “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlap, mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” ady bilen yglan edilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi.
ZENAN GAÝRATYNY GÖRKEZEN MEŞHUR ATLY ÝÖRIŞLER
Geçen asyrda oba we halk hojalygynda yhlasly zähmet çeken türkmen gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda atly ýörişleriň birnäçesi geçirilip, olar taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň ilkinjisi 1936-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň VII gurultaýyna bagyşlanyp geçirilipdir.