Balkanabatda “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlap, mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” ady bilen yglan edilen “Talyp gözeli-2026” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige mekdebimiziň 1-nji we 2-nji ýyllyk talyp gyzlary gatnaşdylar.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup: talyp gyzlar özleriniň hünärlerini milliligiň, aýdym-sazyň, goşgularyň üsti bilen wasp etmek; Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Bereketli türkmen saçagy” kitabyndan ruhlanyp müň derdiň dermany milli naharymyzyň biri bolan el unaşyny kesip görkezmek; bäsleşigiň üçünji şertinde talyp gözellerimiz özleriniň el işlerini bäsleşigiň dowamynda ýerine ýetirip görkezmeli. Bäsleşige gatnaşan mekdebimiziň “Nebit we gaz guýularyny abatlamak” hünäriniň 1-nji ýyllyk talyby Humaý Goýunlyýewa baş baýraga mynasyp boldy.
Bu bäsleşik Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary üçin diňe bir bäsleşik bolman, eýsem hakyky baýramçylyk dabarasy boldy. Bäsleşige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň zehinini açmak üçin şeýle şertleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.