Habarlar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

https://ussatnews.com/storage/posts/12394/original-169c2d665f3a81.jpeg

Tebigatyň janlanýan, daş-töweregiň al-elwan güllere beslenýän günlerinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty — tebigatchy.co.tm işläp başlady. Bu sanly platformanyň işe girizilmegi guramanyň işini döwrebaplaşdyrmakda nobatdaky ädim bolup, ol amala aşyrylýan ekologiýa başlangyçlary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Guramanyň esasy iş ugurlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşant goşmakdan, ýaş nesilleriň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmekden we «ýaşyl» endikleri wagyz etmekden ybaratdyr. Alyp barylýan işler milli derejedäki ekologiýa maksatnamalaryny we meýletinçilik hereketlerini öz içine alýar.

«Täze web-saýtymyzyň işe girizilmegi — sanlylaşdyrma we ekologiýa medeniýetiniň utgaşmasydyr. Ol diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak ugrundaky başlangyçlaryň ähli taraplar üçin elýeterli bolmagyna hyzmat eder. Bu platforma ekologiýa durnuklylygy ugrunda halkara derejesindäki gatnaşyklary berkidýän möhüm köpri bolar» - diýip, guramanyň başlygy Leýli Şyhmädowa belleýär.

Ulanyjylar habarlar, amala aşyrylan işler baradaky makalalar bilen türkmen, rus we iňlis dillerinde tanşyp bilerler. Şeýle hem olar tebigaty goramaga goşant goşmak maksady bilen gurama agza bolup ýa-da meýletinçilik hereketine goşulyp bilerler.

Web-saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine hem-de ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Başga habarlar
16aeb29d2189d4.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.


16ae9b3c005644.jpeg
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar

Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.


16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.

16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.