Türkmen halysy-nepisligiň we agzybirligiň sungaty
Türkmen halysy Türkmen zenanlarynyň yhlasy,mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly,nepis sungatydyr. Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzdan alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri,haýwanlary,derýalary, daglary şeýle hem Güni we Aýy şöhlelendirýär. Türkmen halysy biziň milliligimizdir,milli gymmatlygymyzdyr. Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.
Halkymyzyň durmuşy haly bilen berk baglanyşyklydyr. Täze gelen gelni haly düşelen hormatly ýerde oturdypdyrlar, haly ýapylan düýä mündüripdirler. Öýlenýän ýigit bolsa haly bilen bezelen öý taýynlapdyr. Çaganyň dünýä inmeginiň hatyrysyna haly dokalypdyr,soňra ol ilkinji ädimlerini şol halyda ädipdir. Çarwa öýleriniň gapysyndan “gapylyk” diýlip atlandyrylýan ýörite haly asypdyrlar. Türkmen hojalygyndaky esasy haly “maşgala daragty” bolup hyzmat edip, ol maşgalanyň taryhy barada gürrüň berýär. Türkmen halky haly bilen baglanyşykly däpleri keramat derejesine ýetirip, ony aýawly saklaýar, halyny diňe aýal-gyzlar dokapdyr,gadymdan gelýän sungat eneden-gyza geçipdir.
Haly dokalanda wagt, güýç- gaýrat hiç hili gaýgyrylmaýar,haly dokamak sungaty iň ýokary ruhy baýlyga,gymmatlyga deňelýär. Haly Türkmen halkynyň adyllyga bolan ynanjynyň şöhlelenmesidir, ol bolsa Türkmen medeniýetine dolulygyna siňdirilipdir. Türkmen medeniýeti bolsa Türkmen halkynyň milligi,mirasy Türkmen halkynyň buýsanjydyr. Türkmen halylarynyň esasy aýratynlygy hem olaryň gölleridir,nagyşlarydyr.
Türkmen halylary hakynda ilkinji ýazuw çeşmeleri XIII asyrda Gündogar Ýewropa, Aziýa syýahat eden Italýan syýahatçysy Marko Polo degişli hasaplanýar. Marko Polo Türkmen halylary hakynda şeýle sözleri aýdýar: “Dünýäde iň inçe we owadan” halylar Türkmen halylarydygyny belläp geçýär. Türkmen halkynyň haly dokamagy sungat derejesine çykaryp, dünýäde ykrar edilmegini gazanandygy Türkmen zenanlarynyň güllerden görkli Türkmen halylaryny özleriniň mähiri, söýgüsi, arzuw,yhlaslaryny siňdirip dokandygyny subut edýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynda Türkmen halylary hakynda hem şeýle nakyllar ulanylýar:
“At-ýigidiň diregi, haly-gyzyň ýüregi”.
“Haly ýüwürdip, kilim kesme”.
Bu nakyllaryň üsti bilen halkymyzyň kalbynda, taryhynda Atyň hem-de Türkmen halysynyň aýrylmaz orny aýratyn bellenilýär. Türkmen gelin-gyzlary öz ýürek arzuwlaryny hala ussatlyk,inçelik nepislik bilen siňdiripdirler. Olar tebigatyň gözel keşbini, ymgyr çöllerini, dagydyr-düzüni, Türkmen ýaýlasyny tebigatymyzda bar bolan özboluşly reňkleri nagyşlaryň üsti bilen halylara siňdiripdirler.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan watanymyzyň döwlet nyşanlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen haly gölleri, halkymyzyň agzybirligini,jebisligini, halkymyzyň milliligine mahsus bolan parasatlylygyny alamatlandyrýar. Meşhur haly gölleriniň nagyşlary gülläp ösýän Türkmenistan watanymyzyň özboluşly keşbine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,ylym we medeniýet boýunça guramsynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagta çenli dünýäniň iň uly halylarynyň Türkmenistanda dokalandygyny hem buýsanç bilen belläp geçmek bolýar. 2001-nji ýylda dokalan Türkmen halysy Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başardy. Halynyň agramy 1tonna 200kilogramdyr.
Ene-mamalarymyzyň yhalsyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli ýetip gelen gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin elýetmez taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara Hukugy fakultetiniň talyby.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.