Ýurdumyzda azyk önümleri bilen elýeter bahadan üpjün edilýär
Ýurdumyzyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini ýeterlik derejede we elýeterli üpjün etmek maksat bilen, Ministrligiň garamagyndaky söwda kärhanalary ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, ýerli önüm öndürijilerden azyk harytlaryny satyn alýarlar.
Şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek we harytlaryň ýeterlik möçberdäki ätiýaçlygyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde sowadyjy ammarlarda miwe hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini saklamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bazarlaryny we dükanlaryny zerur harytlar, ilkinji nobatda bolsa, elýeterli bahadan azyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz uly islegden peýdalanýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny nygtap, ýerli önüm öndürijilerden zerur harytlaryň yzygiderli satyn alynmagyna hem-de şolaryň ilat üçin elýeterliliginiň üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.