Ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşýarlar
Ýurdumyzyň telekeçileri azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. 2020-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 131,2 göterime deň boldy. Täze, häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda guşçulyk pudagy işjeňleşdirilýär. Telekeçiler tarapyndan guş etini öndürmäge hem-de ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanmaga berildi. Şonuň bilen bir wagtda, täze guşçulyk hojalyklarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň içerki bazary ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün edildi diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew belledi.
TSTB-niň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu toplumlar tohumlyk iri şahly mallaryň ösdürilip ýetişdirilmegine niýetlenendir.
Innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli süýt we süýt önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Mary welaýatynda sebitde iri süýt önümlerini gaýtadan işleýän toplum gurulýar. Onuň işe girizilmegi gury süýdi, mesge ýagyny we dürli görnüşli doňdurma önümlerini taýýarlamaga mümkinçilik berer. Bularyň ählisi daşyndan getirilýän önümleriň möçberini azaltmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap ýyladyşhanalaryň gurlandygy barada hasabat berip, şolarda dürli görnüşli gök önümleriň, şol sanda ekologiýa taýdan arassa önümleriň ýetişdirilýändigini aýtdy.
Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm ekilip, ýokary hasylly saýlama görnüşli miweler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarlary bu önümler bilen doly üpjün edilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar, şolarda miweler kakadylýar hem-de senagat derejesinde miwe şireleri öndürilýär.
Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde gurulýan kärhanalarda süýji-köke önümleri, dürli içgiler, şöhlat önümleri, tomat goýaltmasy, maýonez ýaly önümler öndürilýär.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.