Habarlar

Aşgabatda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär

https://ussatnews.com/storage/posts/131/original-15f942f810f8ac.jpeg

Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda Awtoulaglar kärhanalar birleşiginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde gol çeken «Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezini gurmak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, häzirki wagtda gurluşyk işleri doly tamamlandy.

Täze gurulýan döwrebap kärhanalar toplumynyň binasynda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtoulaglar mekdebini hem-de “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini ýerleşdirmek göz öňünde tutuldy.

Bu awtoulag kärhanalar toplumynyň işini utgaşdyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan taraplaryň paýly gatnaşmagynda paýly «Awtoulag kärhanalar birleşigi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Täze Awtoulaglar mekdebi zerur desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi.

Ussat news

Başga habarlar
16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.