Habarlar

Belli žurnalist Jon Defterios OGT 2026 maslahatynyň esasy alyp baryjysy bolar

https://ussatnews.com/storage/posts/13265/original-16a67a1bfe1c4f.jpeg

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri täze tapgyra girdi. Giň gerimli forum «Energiýa. Sazlaşykly hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriler. Guramaçylar dünýä belli žurnalist, ykdysady synçy we moderator Jon Defteriosyň sebitiň esasy pudaklaýyn forumlarynyň birinde esasy halkara moderator hökmünde çykyş etjekdigini tassykladylar.

Jon Defteriosyň bellenilmegi foruma taýýarlyk görmegiň birnäçe möhüm tapgyrlary bilen gabat geldi. Şu güne çenli dünýäniň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak wekil maslahata gatnaşjakdygyny eýýäm tassyklady, ähli sergi meýdançalary dolulygyna satyldy, Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Nebit Kompaniýasy (SOCAR) bolsa OGT 2026 maslahatynyň Premýer-hyzmatdaşlarynyň hataryna goşuldy.

Jon Defterios ýöne ýerden dünýä ykdysadyýeti, energetika, halkara söwda we geosyýasy meseleleri boýunça ýöriteleşen iň abraýly halkara žurnalistleriň we moderatorlaryň biri hasaplanylmaýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda «CNN Business» teleýaýlymynyň ösüp gelýän bazarlar boýunça esasy halkara synçysy we redaktory (CNN Business Emerging Markets Editor) bolup işleýärdi. Onuň analitiki materiallary we beren söhbetdeşlikleri global ykdysadyýete, energetika howpsuzlygyna, maýa goýum hyzmatdaşlygyna we durnukly ösüşe degişli ählumumy habarlar tertibiniň bir bölegine öwrüldi.

Zähmet ýolunyň dowamynda Jon Defterios döwlet baştutanlary, hökümet ýolbaşçylary, ministrler, iri halkara energetika kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň we global korporasiýalaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlikler geçirdi.

Jon Defterios dürli ýyllarda Dünýä ykdysady forumynyň, OPEC halkara maslahatynyň, Atlantik geňeşiniň Dünýä energetika forumynyň, ADIPEC halkara nebit-gaz sergisiniň we maslahatynyň, şeýle hem Halkara walýuta gaznasynyň (MVR) we beýleki abraýly guramalaryň plenar mejlisleriniň hem-de strategik çekişmeleriniň alyp baryjysy hökmünde çykyş etdi.

Häzirki wagtda Jon Defterios Abu-Dabidäki Nýu-Ýork uniwersitetiniň biznes professory, «APCO Worldwide» halkara konsalting kompaniýasynyň strategik uly maslahatçysydyr. Abraýly hünärmeniň OGT 2026 maslahatyna gatnaşmagy forumyň halkara derejesini mundan beýläk-da berkitmäge möhüm goşant bolar we çekişmeleri ýokary hünär derejesinde geçirmäge mümkinçilik berer.

«OGT 2026 maslahatyna maslahatyň alyp baryjysy we esasy halkara moderatory hökmünde goşulmak men üçin uly abraýdyr. Türkmenistan baý serişde binýadyna, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna we öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen barha giňelýän hyzmatdaşlyga daýanyp, sebit we dünýä energetika ulgamynda möhüm strategik orny eýeleýär. Aşgabatda döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, pudagyň baştutanlary, maýadarlar we tehniki hünärmenler bilen duşuşmaga, şeýle hem energetika sektorynyň geljegini kesgitleýän mümkinçilikler barada gurluşly gepleşikleri geçirmäge ýardam etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn» — diýip, Jon Defterios belledi.

Başga habarlar
16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.


16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.

16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.


16a954aa3cc64b.jpeg
Aşgabatda «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi

29-njy awgustda «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezindäki «Bilelik Hub» döredijilik merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan «Ýaşyl hyzmatdaşlyk» atly ekologiýa çäresi geçirildi.