Ussatlar

SSSR-iň halk artisti Sabyr ATAÝEWA

https://ussatnews.com/storage/posts/1356/original-160c62f35daeb1.jpeg

Türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamak we ösdürmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, medeniýet — halkyň kalby, sungat bolsa — milli baýlygymyz.

Türkmen topragy öz taryhynyň ähli döwürlerinde hem görnükli şahsyýetleri bilen tanalyp geldi. Bagtyýarlyk zamanamyzda biz medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmäge önjeýli goşant goşan adamlara aýratyn sarpa goýýarys.

Şeýle şahsyýetlerimiziň hatarynda hemmeleriň söýgüli aktrisasy — SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewany hem ýatlamazlyk mümkin däl. Onuň ady ebedileşdirmek maksady bilen Aşgabadyň köçeleriniň birine dakyldy. Bu ýerde — ýakynda döredilmeginiň 140 ýyllygy dabaraly bellenilen türkmen paýtagtynda ajaýyp aktrisanyň manyly döredijilik ömri geçdi. Onuň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan spektakllarda, surata düşürilen çeper kinofilmlerde ussatlyk bilen döreden keşpleri sungat muşdaklarynyň ýüreklerinde hemişelik ýaşaýar.

Sabyr Ataýewa 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä indi. Ene-atasy oňa Sabyr adyny dakýarlar. Şonuň üçin bolsa gerek, sabyrly bolup, umyt-arzuw edip we garaşyp bilensoň, ol şeýle uly sepgitlere ýetmegi başardy.

Gyzjagazyň bagtly çagalygy uzak dowam etmeýär: haçan-da üç ýaşanda, ene-atasy aradan çykýar, ol oglan jigisi bilen ýalňyz galýar. Olar şol ýyllarda kän kynçylyklary başdan geçirmeli bolýarlar. Daýysynyň öýünde ýaşamaly bolan gyzjagaza ir ertirden giç agşama çenli iş-alada ýetik bolýar. Günleriň bir güni Sabyr saklanyp bilmän, gowrulan etiň bir bölejigini soraşman alýar. Daýysynyň aýaly muny görüp, gyzjagazy urýar hem-de ony jigisi bilen öýden çykaryp kowýar.

Näme etmeli? Çagalar goňşy obada ýaşaýan ýene-de bir garyndaşlaryna barmak pikirine gelýärler. Olar uzakly gije çölüň içi bilen, gorkudan we aýaklarynyň agyrysyndan ýaňa aglaşyp, ýol sökýärler. Täze baran ýerlerinde gyzjagaza has agyr iş berýärler. Gyz gerdenine düşen ýüke çydamaýar. Sabyr daýysynyň öýüne dolanmak isleýär, emma ony jigisi bilen gapydan hem salmaýarlar. Ine, onsoň gyzjagaz jigisi bilen dilegçilik edip, gün görmeli bolýar. Tamdyryň içinde ýatyp-turýarlar: çörek bişirilenden soň onuň ýylysy ertire çenli diýen ýaly saklanypdyr. Şeýdip, günlerem tirkeşip geçiberýär...

Soňra Sabyr Ataýewanyň gürrüň berşi ýaly, «Bir gün bizi — ýetim çagalary obalardan ýygnap internada ýerleşdirdiler. Her haýsymyza täze egin-eşik berdiler, mekdebe bilim almaga ugratdylar...».

1929-njy ýylda gyzlar topary internatdan Aşgabadyň mugallymlary taýýarlaýan zenanlar tehnikumyna ugradylýar. Olaryň hatarynda Sabyr Ataýewa hem bardy. Ol okuwyny tamamlap, birnäçe ýyl oba mugallymy bolup işleýär. Soňra Aşgabada göçýär. Kinofabrige okuwa girip, ony tamamlansoň, filmleriň montažy bölümine işe ýerleşýär. Ajaýyp kino dünýäsi ony jadylaýar, şeýlelikde onda aktrisa bolmak arzuwy döreýär.

Biz Sabyr Ataýewa bilen teatrda oýunlardan soň ýygy-ýygydan görüşýärdik, her gezek aktrisanyň sahnada özüne ynanylan keşbi diýseň ynandyryjy, täsirli janlandyryşyna haýran galýardym. Ýaramadyk wagtlary hassahana soramaga barýardym, öýünde myhmançylykda bolýardym. Ol söýýän işi, bagty çüwen ykbaly barada hemişe gyzykly gürrüňleri bererdi.

Belli şahyr Garaja Burunowyň montaž bölümine gelen gününi Sabyr Ataýewa öz durmuşynyň ykbal özgerdiji güni hökmünde ýatlaýardy:

— Gyzjagaz, görýän welin, sen bu sungaty gaty söýüpsiň — diýip, şahyr oňa ýüzlenýär. — Ýöne sen bu ýerde hiç zat öwrenmersiň. Men saňa aktrisa bolmaga kömek etjek bolaýyn...

Bu sözler Sabyr Ataýewanyň göwnüni ganatlandyrýar, onuň arzyly arzuwynyň amala aşmak mümkinçiligine bolan ynamyny berkidýär. 1934-nji ýylda G.Burunowyň maslahaty bilen on ýedi ýaşly Sabyr Türkmen döwlet drama teatrynyň toparyna kabul edilýär. Bu ýerde bar zat aýdyň bolýar, tebigat oňa uly artistlik zehinini peşgeş beripdir. Sungat ýoluna gadam basan aktrisanyň teatryň sahnasynda ýerine ýetiren ilkinji keşpleri eýýäm munuň şeýledigini aýdyň görkezipdi.

1936-njy ýylda Aşgabada türkmen artistleriniň halypalarynyň biri Boris Wladimirowiç Bibikow gelýär. Ol Moskwada okatmak üçin has zehinli oglanlardan we gyzlardan ybarat topary düzýär. Bu topara Sabyr Ataýewa hem düşýär. Döwlet teatr sungaty institutynda (GITIS) mugallymlary Olga Iwanowna Pyžowadan we onuň ýanýoldaşy Boris Wladimirowiç Bibikowdan bilim alan ýyllary Sabyr Ataýewa üçin örän gyzykly döwür bolýar. Bu ýerde ol dünýä medeniýetiniň gazananlary bilen içgin tanyşýar, rus we Günbatar Ýewropa sungatynyň däplerini özleşdirýär.

1941-nji ýylda Sabyr Ataýewa instituty tamamlap, Aşgabada — Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna gaýdyp gelýär. Öňde oňa Molýeriň «Zoraýakdan lukman bolan», H.Derýaýewiň «Mähri», I.Ýumangulowyň «Ar alyş», U.Şekspiriň «Romeo we Julýetta», B.Amanowyň we G.Burunowyň «Keýmir kör», T.Esenowanyň «Gelin gelýär» ýaly spektakllarynda gyzykly keşpleriň ençemesi garaşýardy. Esasy zat bolsa, onda özüne, güýjüne we mümkinçiliklerine bolan ynam ýylsaýyn berkeýärdi.

— Teatrda «Zöhre we Tahyr» oýny görkezilende, zal hemişe adamdan dolýardy. Kino bilen telewideniýe adamlaryň durmuşyna soň ornaşdy. Şol ýyllarda bolsa, teatr aň-bilim almak üçin hem, dynç almak üçin hem ýeke-täk ýer bolupdy — diýip, Sabyr Ataýewa duşuşyklarymyzyň birinde ýatlapdy.

Sabyr Ataýewa 1957-nji ýylda kino sungatynda ilkinji ädimini ädip, «Aýratyn tabşyryk» atly filmde Jereniň keşbini döredýär. Soňra täjik režissýory Tahyr Sabirowyň «Şasenem we Garyp» atly filminde surata düşüp, ýalňyz oglunyň ýitgisini başdan geçirýän bagtsyz Abadanyň keşbini yhlas bilen janlandyrýar. Bu ilkinji filmler türkmen milli kino sungatyna görnükli aktrisanyň gelendigini görkezýär. «Ýuwaş gelin», «Gämiçiniň jany bir», «Ak tümlük», «Ýok diýmegi başar», «Köýten nalasy», «Bagtyndan jyda düşen Pyragy», «Gündiz sagat 12-de», «Ýabany», «Otraryň ölümi» — bular diňe biziň ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem Sabyr Ataýewa meşhurlyk getiren filmleriň diňe bir bölegi. Elli ýyldan gowrak döwre barabar döredijilik işiniň dowamynda ol teatr we kino sungatynda keşpleriň 200-den gowragyny janlandyrýar, olaryň her biri ýurdumyzyň medeni durmuşynda taryhy waka öwrülýär.

Aktrisa örän inçelik bilen janlandyrýan ruhubelent keşpleriniň çylşyrymlylygyny we giňligini ynandyryjy açyp görkezmäge çalyşýardy. A.Agabaýewiň «Bir görlen tanyş» atly spektaklynda Bossan ejäniň sahna keşbini janlandyranda, Sabyr Ataýewada örän uly aktýorçylyk zehini, ussatlygyň ýokary derejesi ýüze çykýar. Bu keşp aktrisa zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmäge mümkinçilik döredýär. «Bir görlen tanyş» spektakly aktrisanyň teatrda işlän soňky günlerine çenli sahnadan düşmedi. Ol bu keşbi her gezek ussatlyk bilen janlandyryp, tomaşaçylary diýseň haýran galdyrýardy.

Uly meşhurlyga eýe bolan Sabyr Ataýewa Watana bolan söýgüsini hemişe ileri tutýardy. Tomaşaçylar onuň ýerine ýetirеn ähli keşplerinde türkmenistanlylaryň frontda, tylda görkezen watançylygyny we gaýduwsyzlygyny ýürekden beýan edişini görýärdiler, bu bolsa olary diýseň tolgundyrýardy.

Ussat aktrisa tutuş ömrüni jemgyýetçilik işine bagyşlap, ýaşlary terbiýelemeklige uly üns berdi. Hemmeler oňa mähir bilen «Sabyr eje» diýip ýüzlenýärdi, ol hem adamlara juda mähribanlyk, süýji dil, güler ýüz bilen garaýardy.

Sabyr Ataýewanyň alçaklygy ajaýyp häsiýetleriniň biridi. Ol ýurdumyzyň ähli künjeklerine aýlanyp çykdy. Ajaýyp gürrüňçi aktrisa oba adamlarynyň, işçileriň, gullukçylaryň, okuwçylaryň öňünde höwes bilen çykyş edip, spektakllardan monologlary ýerine ýetirýärdi, özüniň ýeňil bolmadyk durmuş ýoly, sahnada, kinoda janlandyran keşpleri barada gyzykly gürrüňleri berýärdi. Umuman, tomaşaçylara sungat, medeniýet bilen ýakynlaşdyrýan hakyky baýramçylygy peşgeş bermegi halaýardy. «Men tomaşaçy bilen aragatnaşykda bolmaly. Şol aragatnaşyk bolmasa, meni eýýäm aktrisa hökmünde ýok diýip hasaplap bilersiňiz» diýip, Sabyr Ataýewa hemişe nygtaýardy. Adamlar hem oňa şeýle mähir bilen jogap berýärdiler.

Sabyr Ataýewanyň ýaş sungat ussatlaryna hemişe hormaty uludy. Duşuşyklarymyzyň birinde aktrisa Altyn Goşaýewanyň döredijiligini, aýratyn-da onuň ýerine ýetirýän “Annasoltanym meniň” diýen aýdymyny halaýandygyny, oňa uly geljegiň garaşýandygyny gürrüň beripdi. Bu gün bolsa Altyn Goşaýewa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň eýesi, halkymyzyň söýgüli aýdymçysy.

Sabyr Ataýewanyň öýünde bolup, men onuň zehinini hormatlaýan muşdaklarynyň tolgundyryjy hatlary bilen tanşypdym.

«Hormatly Sabyr Ataýewna, Size Baýramalydan Maýa Rejebowa ýazýar». — «Men şahyr hem däl, ýazyjy-da....Emma Siziň janlandyran keşpleriňiz mende çuňňur gaýgy-hasrat duýgusyny döredýär. Menem çagalykda ýetim galdym, ýakyn hossarym hem ýok. Bize myhmançylyga gelmegiňizi, Siz bilen oturyp, gürrüňdeş bolmagy ýüregimde besleýärin. Size uly döredijilik üstünliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin!». «Bir görlen tanyş» spektaklynda men artisti däl-de, öz ogluna sabyrsyzlyk bilen garaşýan Bossan ejäni gördüm. Siz oýun oýnamadyňyz, Siz janlandyran gahrymanyňyzyň keşbine ussatlyk bilen girmegi başardyňyz. Şol keşp diňe maňa däl-de, eýsem, tutuş maşgalamyza, şäherçämiziň ilatyna ýarady. Köp sag boluň!

Ogulnäz TÄZELIÝEWA».

Şeýle mazmundaky hatlar örän köpdi.

— Sabyr Ataýewna, sungat ýoluna düşen artistlere nähili arzuwlar ederdiňiz? — diýen sowalyma aktrisa 80-nji ýyllarda şeýle jogap beripdi:

— Gowy görýän işiňi tüýs ýürekden söýmegi hem-de oňa tutuş ömrüňi bagyşlamagy arzuw ederdim. Mysal üçin, ynha, otuzynjy ýyllary ýatlaýaryn. Şonda biz — ýaş artistler oýun tamamlanandan soň derrew dargaşman, oýnuň nähili geçendigi barada gürrüň ederdik. Tomaşaçynyň oýnumyzy nähili kabul edendigi barada alada ederdik. Käwagtlar bolsa, teatrda uzyn gije güýmenerdik. Men işe biperwaý garalan ýerde sungatyň hiç haçan bolmajakdygyny bilýärin.

Sabyr Ataýewa ýeňil bolmadyk, emma manyly, bagtly durmuşda ýaşap, 1993-nji ýylda aradan çykdy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda oňa bary-ýogy bir ýarym ýyl ýaşamak miýesser etdi.

Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda beýik aktrisa Sabyr Ataýewanyň gyzlary Jeren we Nataşa, agtyklary Şirin, Rüstem, Kerim, Leýla we Timur, çowluklary — ussat aktrisanyň ady dakylan Sabyr we Kemal bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarlar, bilim alýarlar, ak ýürekden zähmet çekip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar.

Ussa USSAÝEW,

Ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga ussatlar
1674767faa6003.jpeg
Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.


1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.

1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.


161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.