Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar. Daşary ýurtdaky bu okuw Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan amala aşyrylýan «Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Ählumumy Lider» («SDGs Global Leader») maksatnamasynyň çäginde geçirilýär.
Magistr okuw maksatnamasy 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Mugallym Sukuba uniwersitetiniň alymlary we hünärmenleri bilen bilelikde tebigy gazdan wodorod energiýasyny almak we durnukly ösüş ulgamlary boýunça ylmy-barlaglary geçirer. Mundan başga-da, ol Ýaponiýanyň ekologiýa, durnukly energetika we arassa tehnologiýalar ugrunda toplan tejribesini öwrenip, degişli ugurlar boýunça nazary we amaly sapaklara gatnaşar.
Wodorod energetikasy ugrunda bilelikdäki ylmy-barlaglary geçirmek we ekologiýa taýdan arassa, durnukly energetika tehnologiýalaryny ösdürmek maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine şu ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek tabşyryldy. Ýokary okuw jaýynyň professor-mugallymlar düzümi bu işleri üstünlikli ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022–2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» Meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi. Onuň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylyp tassyklanan Iş meýilnamasy üstünlikli ýerine ýetirildi.
Wodorod energetikasy merkezinde elektroliz usuly bilen suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň barşynda ýaşyl wodorod ýangyjy üstünlikli alyndy. Merkeziň hünärmenleri ilkinji gezek plazmohimiki innowasion usuly ulanyp, tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almak üçin barlaghana enjamyny döretdi. Şu usul bilen alnan wodorod ýangyjy «Agilent Technologies 6890» kysymly gaz hromatografiýa enjamynda barlagdan geçirildi. Barlaglar tebigy gazdan arassa wodorodyň we tehniki uglerodyň alnandygyny görkezdi. Bellenilişi ýaly, munuň bilen bu usuly zyňyndysyz innowasion tehnologiýalara degişli edip boljakdygy doly subut edildi. Bu barada www.turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.