Hormatly Prezidentimiz dynç güni sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.
Ir säher bilen döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenç etdi. Güýz günlerinde dag howasynyň aýratyn ýakymlylygy we bu ýerleriň ekologiýa ýagdaýy ynsanyň ruhuny göterýän täsiri emele getirýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan saglygyny berkidýär, onuň işjeňligini ýokarlandyrýar, beden taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda sagaldyş maşklarynyň häzirki zaman görnüşi hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan skandinaw ýörişi bilen meşgullandy. Sportuň bu görnüşi adamyň beden agzalaryny, aýaklarynyň we elleriniň bogunlaryny berkidýär, ýürek-damar we dem alyş ulgamlarynyň işjeňligini artdyrýar.
Şöhratly pederlerimiziň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän milli Liderimiz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar hem-de halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler bilen didarlaşmaga hemişe wagt tapýar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Hanbeg atly bedew bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz milli seýisçilik däplerine laýyklykda bedewe ideg etdi hem-de onuň bilen birsellem gezelenç etdi.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.