«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly Halkara maslahaty öz işine başlady
Şu gün, 28-nji oktýabrda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» (OGT — 2020) atly Halkara maslahaty öz işine başlady. Şanly senä — Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna beslenen ýylda bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde geçirildi hem-de Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurtlaryna alnyp görkezildi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri forumyň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler.
Maslahata daşary ýurtlaryň nebitgaz, hyzmatlar we maslahatlar boýunça kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ylmy-barlag merkezleriň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň we maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
«OGT — 2020» atly ýubileý maslahatynyň gün tertibine dünýä energetikasynyň ösüşi we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler girizildi. Umumy mejlis Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy onuň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berler. Şol başlangyçlar dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge hem-de sebitiň durnukly ösmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Maslahatda Energetika hartiýasynyň Şertnamasyny döwrebaplaşdyrmak, COVID-19-dan soň energetika dünýäsinde tebigy gazyň orny, nebit we gaz bazarlarynda soňky ýagdaýlar, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary özleşdirmek üçin maýalary çekmek, türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýataklary özleşdirmek işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ýaly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň giň gerimli taslamasynyň amala aşyrylmagynyň barşy, Hazaryň türkmen ýalpaklygynyň hem-de dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň täze geologiýa-geofiziki maglumatlary bilen tanyşdylar.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NAPECO) tarapyndan amala aşyrylýan işler, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak boýunça meýilnamalar barada giňişleýin maglumatlar berildi.
Bulardan başga-da, Gyýanlydaky polimer zawodyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmalar guraldy. «CNPC» (HHR), «Petronas» (Malaýziýa), «Dragon Oil» (BAE), «Gaffney, Cline & Associates» (Beýik Britaniýa) ýaly kompaniýalar Türkmenistanda taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.
Meýilleşdirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň we pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we esasy ugurlary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Ertir «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly Halkara maslahaty öz işini dowam eder.
Ussat news
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.