Habarlar

Aşgabatda täze “Diwan” myhmanhanasy açyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/151/original-15f9a6186d8765.jpeg

Hormatly Prezidentimiz, S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşen, Aşgabadyň myhmanhanalarynyň üstüni ýetiren täze “Diwan” myhmanhanasynyň açylmagyna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, biz şu gün döwrebap myhmanhanany açýarys, bu ýerde berkarar döwletimize gelýän myhmanlary garşylarys diýip, belledi. Ony Diýarymyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri—dünýä belli “Rönesans” kompaniýasy tarapyndan bina edildi diýip, Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Bu ýerde belent derejeli myhmanlary kabul etmek, olaryň oňat dynç almagy, dürli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Myhmanhanada ýaşaýyş otaglary bilen bir hatarda, maslahat zallary, restoranlar, dükanlar hem-de howuzlar göz öňünde tutuldy.

Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglaryndan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar. Bu ýerde myhmanlaryň oňat ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem myhmanhanada saglyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde myhmanlara hyzmat etmek, zerur bolan ýagdaýynda ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertler döredildi. Mundan başga-da, myhmanhana toplumynda fitnes zaly, gözellik salony we spa-otagy guruldy. Şeýle hem binada degişlilikde 20 we 40 orunlyk bolan maslahatlar zallarynyň ikisi bar, internet zaly, beýleki degişli otaglar göz öňünde tutuldy.

Işjeň dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy halaýan myhmanlar üçin toplumyň çäginde tennis korty, köpugurly sport meýdançasy, futbol stadiony, ýüzülýän açyk we ýapyk howuzlar bar. Sowgatlyk harytlary dükanlarynda bolsa, dürli harytlary hem-de amaly-haşam sungatynyň önümlerini satyn almak bolýar. Şeýle hem toplumda ýapyk we açyk awtoduralgalar göz öňünde tutuldy.

Ussat news

Başga habarlar
16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.