Arçmanyň suwy — derde derman

20:17 29.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/154/original-15f9add08464aa.jpeg

Arçman şypahanasyndaky çeşme suwunyň kesel bejerijilik täsirini ylmy taýdan öwrenmek geçen asyryň başlaryndan (1910-njy ýyl) ugur alýar. Şondan bäş ýyl çemesi wagt geçenden soň, saglygyny dikeltmek maksady bilen adamlar bu ýere gelip ugraýar. 1925-nji ýylda Arçmanyň suwuny alymlar täzeden giňişleýin derňäp, onuň kesel bejermekdäki ähmiýetiniň uludygyny doly ýüze çykarýarlar. Indi, bir asyrdan gowrak wagt bäri ilata hyzmat edýän, sagaldyş merkezine öwrülen Arçman şypahanasy Garaşsyzlyk ýyllarynda has-da kämilleşdirildi.

Aşgabat şäherinden 130 kilometr uzaklykda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda, dag eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän bu saglyk merkeziniň ýylyň ähli pasyllarynda adamsy ýetik. Biz Allanyň nazary düşen bu gözel we täsin künjekde bolanymyzda, Arçman şypahanasynyň deri keselleriniň lukmany, uzak ýyllaryň tejribeli işgäri Bäşimyrat Berdimyradowa şypaly künjegiň kesel bejeriş aýratynlygy, çeşme suwunyň himiki düzümi barada gürrüň bermegini sorap ýüz tutduk:

– Arçmandan bejergi almaklyk, onuň melhem suwuny içmekden başlanýar. Mineral suwy adamyň aşgazanynda turşulygyň derejesi pes bolanda, nahardan 15-30 minut öň, turşulygyň derejesi kadaly bolanda, nahardan 40-45 minut öň, turşulygyň derejesi ýokary bolanda, nahardan 1,5 sagat öň 200-250 gram möçberde içmeli. Turşulygyň derejesi mineral suwuň täsiri bilen kadalaşýar. Şypahananyň derman suwy himiki düzümi boýunça kükürtli-hlorly, gidrokarbonatly, natrili-kalsili-magnili mineral suwlar toparyna degişlidir. Kükürtli wodorodyň mukdary bir litrde 14-16 milligrama golaýdyr. Gyzgynlyk derejesi bütin ýylyň dowamynda 28,5-28,7 gradusa barabardyr. Suwuň düýpli himiki barlagynyň netijesi onda elementleriň 24-siniň bardygyny ýüze çykardy.

Arçman şypahanasy şu aşakdaky keselleri bejermäge mümkinçilik berýär: gyzylödegiň dowamly gaýnaglamasy, onuň diwertikulasy, dowamly gastritler, öthaltanyň we ötýollarynyň keselleri, olaryň diskineziýalary, gepatitler, holangitler, aşgazanyň we onikibarmak içegäniň başlary, pankreatitler, kolitler, enterokolitler, babasiliň içki we daşky görnüşleri, aşgazanyň we onikibarmak içegäniň başy zerarly emelli bejergiden alty aý soň, ýüregiň işjeňliginiň bozulmalary (ýürek newrozlary), öte geçmedik ateroskleroz, birinji derejeli gipertoniýa (ýüregiň we beýni gan aýlanyşygynyň bozulmalarynyň alamatlarynyň ýok bolan halatynda), döreýşi dürli bolan (inçekeselden galanlaryndan başgasy) dowamly guragyrylar, bir we birnäçe bogunlaryň keselleri (çiş bolmadyk halatynda), alyş-çalşyň bozulmagy zerarly dörän oňurga we bogunagyrylary (artritler), oňurgalara we bogunlara duz ýygnanma keseli (osteoartpoz), gaýtalap durýan çakyza, kükrek we oňurgalaryň radikuliti (degna damarjyklarynyň dowamly gaýnaglamasy), semizligiň ýeňil we orta alamatlary, klimaks zerarly döreýän näsazlyklar, neýrodermit, deri gijilewügi, dowamly iteşen, gyzylendigan demrew, parapsoriaz, endokrin amenoreýalary, ýatgy we onuň ösüntgileri dowamly syrkawlar.

Görşümiz ýaly, Arçman şypahanasynda köp keselleri bejermeklige mümkinçilik bar. Arçmana ýüz tutmak isleýänlere öňürti lukmanyň maslahaty möhümdir. Lukman Bäşimyrat Berdimyradowyň belleýşi ýaly, şypahananyň derman suwy himiki elementlere baý we adamlaryň jan saglygyny dikeltmekde örän möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şypahananyň mineral suwy içmek, wanna kabul etmek, aşgazany, içegeleri ýuwmak arkaly peýdalanylýar. Şypaly suwuň mukdary (debiti) sekuntda 80-160 litre golaý bolup, onuň düzümindäki himiki elementleriň çeşmäniň gözbaşynda-da, wannalarda-da, suw içilýän nokatda hem birmeňzeşdir. Himiki elementleriň üýtgewsizlik derejesi gyzdyrlanda hem saklanýar. Wanna kabul edilende kükürtli wodorod we beýleki himiki elementler öýjükleriň, dokumalaryň işjeňligini artdyrýar, gan aýlanyşygyna oňaýly täsir edýär. Aslynda Arçmanyň suwunyň beden agzalaryna täsiriniň uludygyny, onuň ýokarda agzalan bejeriş häsiýetleri bilen çäklendirmeli däldigini beýleki lukmanlar bilen duşuşanymyzda hem gürrüň berdiler.

Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň, saglygy goraýşyň şypahana ulgamynda täze durmuş başlandy. Arçman kurorty 2001-nji ýylda doly abatlanylyp, täze durka getirildi. 2009-njy ýylyň 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şypahananyň täze gurlan 420 orunlyk binasy ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, öňki 500 orunlyk binalaryň üsti ýetirildi. Häzirki wagtda Arçman kurorty bir wagtda 920 adamy kabul edýär. Şypahananyň bölümleri, ýöriteleşdirilen otaglary, saglygy dikeltmäge, pugtalandyrmaga, dynç almaga bolan amatly şertleri hakynda näçe aýtsaň hem az. Esasy zat, ol ýerde adamlaryň arassa dag howasyndan dem alyp, dynç alýandygynda we ýokary derejede gurnalan lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanýanlygynda.

Arçmanyň çägindäki ýer bölekleriniň we töwereginiň mydama gök öwsüp oturan arça tokaýlygyna we beýleki saýaly agaçlara basyrynyp oturandygyny hem ýeri gelende aýtmalydyr. Töweregiň rahatlygy, arassalygy biygtyýar özüne bendi edýär. Şypahananyň wanna binasynyň günorta-günçykaryndan dagyň depesine garşy uzalyp gidýän Saglyk ýolunyň mydama köp adamlydygyny bellemelidir. Saglyk ýoly ýerastyndan çogup çykýan Arçman çeşmesiniň gözbaşyna örän golaýdyr. Çeşmeden çykýan suwuň düzümindäki mikroelementleriň hoştap bugy adamyň nerw ulgamyna rahatlyk berýär, şähdini açýar we gan basyşyny kadalaşdyrýar.

Goý, tebigy keramaty bilen ýylyň-ýylyna müňlerçe adamyň saglygyny dikeldýän we ýokary derejede dynç almagyny üpjün edýän Arçman şypahanasynyň derman suwundan halkymyz müdimi peýdalansyn.

Mämmet MÄMMEDOW,
USSAT NEWS.
Başga makalalar
16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.


165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.

165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.


165dc6a2670a92.jpeg
Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Ählumumy sanlylaşdyrma we internet asyry täze habar beriş serişdeleriniň döremegi üçin mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgamdan peýdalanýan okyjylaryň täze neslini kemala getirdi. Olar üçin maglumatlaryň esasy çeşmesi bolup metbugat sahypasy däl-de, kompýuteriň, planşetiň ýa-da smartfonyň multimedia ekrany hyzmat edýär.