Türkmenistanda 7-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
Türkmenistanda 7-nji noýabrda ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär. Bu ägirt uly maksatnamany ýerine ýetirilmegine ýurdumyzyň tutuş ilaty gatnaşar. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Daşky gurşawy goramagyň, tebigata aýawly garamagyň, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.