Ussatlar

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

https://ussatnews.com/storage/posts/1624/original-160ffed96bd9ca.jpeg

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar. Biz hem ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň isleglerini nazarda tutup, halypa şahyrymyz Döwletgeldi ANNAMYRADOW bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

— Döwletgeldi aga, ilki bilen üstümizdäki «Türkmenistan -- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öňde goýan maksatlaryňyz barada aýdaýsaňyz?

— Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýär. Şol mynasybetli men hem ýylyň ilkinji günlerinden täze şygar bilen utgaşykly eserler toplumyny döretmeklige girişdim. Olardan köpüsi eýýäm aýdyma öwrülip, bagşylaryň, aýdymçylaryň dillerinde ýaňlanýar. «Ak kepderi» atly goşgular çemenini ýazyp gutardym. Çünki ak kepderi — parahatçylyk nyşany. Şeýle hem «Kepderiler bagtly mekanda düşleýärler», «Dünýäniň yşky» atly uly göwrümli proza eserlerimiň üstünde işleýärin. Mundan başga-da, 2021-nji ýylda belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, aýdyma öwrüljek goşgulary, hekaýalar, kino hem-de teatr eserlerini döretmegi öz öňümde maksat edinýärin we bu babatdan edilen işler-de bar.

— Halypa, söhbetimizi iş we durmuş tejribäňiz, döredijilige gelşiňiz baradaky berjek gürrüňleriňiz bilen dowam edäýeliň?!

— Meniň çagalyk hem-de ýaşlyk ýyllarym dünýäniň ylhamy deý çyrpynyp akýan Jeýhun derýasynyň kenarynda, Halajyň petde tokaýlyklaryna baý, gülleri jadylaýjy öwüşginlere beslenen ýandakly, buýanly ýaýlalarynda, bol pagta-bugdaýly, gök bakjaly Çohpetde obasynda geçdi. Döredijilige ilkinji gadamlarym 3—4-nji synplarda başlandy diýip hasap edýärin. Şol döwürlerde goşgularymyň ilkinji ýylpyldylary görnüp ugrany hem-de şol wagtky kolhoz radiosynda okalýany ýadymda. Kämil eserlerim Magtymguly adyndaky TDU-da okaýan döwürlerimde döredi diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Gözel tebigat, watançylyk hem-de liriki goşgularym gazet-žurnallarda çap edilip, okyjylarda gyzyklanma döredipdi.

— Döredijilik dünýäsinde ýaşap, oňa ömrüňi bagyşlamak bagtmyka diýýärin.

— Döredijilik, onda-da şygyr ýazmak ykbal işi. Oňa birinden öwrenip, küti-küti kitaplar okap gelip bolmaýar. Çünki şygryýet agaç ussaçylygy däl. Şahyrçylykda kapiýalar, owadan sözler, dürli görnüşli şygyr düzüliş görnüşleri onuň daşky lybaslary. Esasy zat, duýgy, joşgun hem-de mazmun. Pikir duýgudan gelip çykanda güýçli hem tolgundyryjy bolýar. Şahyrçylyk, özümiň ykbal öwrümlerimden çen tutup aýdanymda, werzişli, ýüz-müň synagly-ally, jebirli-jepaly, külpetli ýol. Şygryýet dünýäsi örän çydamlylygy, sabyrlylygy, kanagatlylygy, kalp arassalygyny talap edýär. Ýeri gelende aýtsam, öz döwründe gyzgyn garşylanan hem-de häzirki wagtda-da gözlenip okalýan «Gara perişde» atly kitabym meniň şertli «betbagtlygym» hakynda ýazylan goşgulardan ybarat. Täsin ýeri-de, şol gam-gussaly, ýüregiňi elendiriji goşgularymyň maňa meşhurlyk getirendigi. Bu barada Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow hem şol kitaba belent giriş sözüni ýazan ruhy halypam, birnäçe gezek nygtapdy.

— Döwletgeldi aga, meger ene hakynda ýazmadyk şahyr ýok bolsa gerek. Siziň döredijiligiňizde-de ene hakyndaky goşgulara köp gabat gelinýär...

— Ene temasy — müdimilik tema. Ene bakylyk hem durmuşa çakylyk. Ene hakda köp eserler: aýdymlar, goşgular, powestler, nowellalar, hekaýalar döretdim. «Çarhypelek» atly liriki powestimi has ýürek elendiriji hasap edýärin hem-de ejemiň ruhuna dikilen mizemez ýadygärlik diýip düşünýärin. Ene hakynda ýene-de kän eserler döretmegi göz öňünde tutýaryn. Çünki ene hakynda ýazgylar hiç soňlanmaýar.

— Indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdymlar, kompozisiýalar, çeper okaýyşlar döretmekde önjeýli iş alyp barýarsyňyz. Döwlet çärelerinde, toý-baýramlarda, dabaralarda ýurdumyzyň belli sungat ussatlary tarapyndan aýdymly eserleriňiz yzygiderli ýaňlanyp gelýär. Haýsy aýdymçylar bilen işleşýärsiňiz?! Şular hakynda durup geçseňiz?

— Dürli döwürde Diýarymyzyň aýdymçylarynyň aglaba böleginiň, şol sanda Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowanyň, Atageldi Garýagdyýewiň, Suhan Orazberdiýewiň, Parahat Amandurdyýewiň, Akmuhammet Hanowyň, Läle Begnazarowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Gözel Öwezowanyň, Züleýha Kakaýewanyň, Jahan Tagyýewanyň, Guwanç Ýazmämmedowyň we beýlekileriň döreden eserlerime öz wagtynda ses, owaz goşup gelýändigine buýsanýaryn. Kompozitorlar, Türkmenistanyň halk artistleri Daňatar Hydyrowyň, Hakberdi Hudaýberdiýewiň hem-de Myratgeldi Baýramberdiýewiň, Omar Igamowyň, Begenç Hojaýewiň, Begenç Saparlyýewiň, Kerimguly Garowowyň, Aman Çaryýewiň meniň sözlerime döreden aýdymlary Watanymyzyň toý-baýramlarynda aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Soňky wagtlarda kompozitor Omar Igamow bilen ençeme liriki aýdymlaryň üstünde-de işledik. Olardan, aýdymçy Laçyn Hudaýgulyýewanyň «Gözlerim ýoluňda», «Ýyllar eglenmez», «Sen dolanmadyň», Aýjemal Jumanyýazowanyň «Sen kalbymda», Bahar Ezizowanyň «Seni küýseýän» ýaly aýdymlaryny mysal görkezmek bolar. Elbetde, «Türkmenistan», «Şykga-şykga bilezik», «Yhhymmyl», «Ak, gyzyl, ýaşyl monjuk», «Ýaşaýyşyň baky dowamy, ene» ýaly aýdymlarymyň halkyň söýgüsine mynasyp bolandygy begendirýär.

— Siziň birnäçe kino eserlerini döredendigiňiz hem bize mälim.

— Bagtyýarlyk döwründe «Täleý köprüsi» atly roman-essäni, «Bagt ýoly», «Söýgi kenary», «Bularyň bary sen hakda», «Iberilmedik hatlardan», «Sen aman bol dünýede!», «Jeňňel kanuny», «Çarhypelek» atly powestleri, «Mähir küýsegi», «Aýal dogan», «Ilkinji mugallym», «Nätanyş gyz», «Aýly gijeler», «Arabaçynyň söýgüsi», «Kalbymda azaşan ak guwlar», «Ýollar bizi duşurmazmy?», «Dünýäniň ýadyndan çykmaz», «Akmaýanyň ýoly», «Köňlümiň perwanasy» atly ençeme hekaýalary döretdim. Şol eserler esasynda «Söýgi sährasy» (25 bölüm), «Söýgi yşyklary» (7 bölüm) atly köp bölümli çeper telefilmler hem-de Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde surata düşürilen «Aýdyma siňen ömürler», «Aşyklaryň obasy», «Söýgi kenary», «Bagta barýan ýollar» ýaly aýdym-sazly uly göwrümli çeper kinofilmler, onlarça publisistik filmler döwrümiziň ruhy keşbini açyp görkezmek bilen, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

— Şahyr ozaly bilen ilhalar goşgulary döretmek bilen, galyberse-de, ýazan goşgusyny owadan hem-de çeper okamak ussatlygy bilen halkyň kalbynda orun alýar.

— Elbetde, eseriňi öz kalbyňdan syzdyryp çykaranyňda, okyjynyň ýüregine ýetýär. Çünki sungatyň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly, şygryýet meňzeşlikleri halamaýar. Onda öz sözüň, öz ýüzüň, öz duýgularyň, öz kalbyň bolmaly. Şonda eseri okanyňda, ol ýürekden hem owazly çykýar. Men öz şygyrlarymy entegem göwün isleýşim ýaly okap bilýändirin öýdemok. Aýdym ýaly has owazly, mähirli, kalbyň töründen çykýan duýguly okasym gelýär. Onuň üçin bolsa entek köp zähmet çekmeli, kämilleşmeli. Kämilligiň bolsa çägi ýok.

— Halypa, söhbetimizi maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen dowam edäýeli...

— Hudaýa şükür, agzybir maşgalamyz bar. Gelnejeň — öz synpdaşym. Orta mekdepde on ýyl bile okadyk. Degişmeliräk ýerini aýtsam, men-ä, on ýyl synpymyzyň tertip-düzgüniniň gözegçisi (klaskom) boldum, gelnejeň hem şonça ýyl arassaçylyk boýunça gözegçisi (arassakomissiýa) boldy. Bu ýagdaý indi otuz sekiz ýyl bäri maşgala durmuşymyzda-da dowam edip gelýär. Aýalym owadan, ýyndam çöl haýwany bilen atdaş, ýagny ady Ogulkeýik. Iki gyzym, bir oglum, dört agtygym bar. Uly gyzym Suraý Türkmenistanyň Merkezi bankynda, oglum Begenç BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda zähmet çekýär. Körpe gyzym Zyba öý hojalykçy. Agtyklarym Dawud, Arslan, Ýunus mekdep okuwçylary, kiçi agtygym Aýbölek çagalar bagyna gatnaýar.

— Döwletgeldi aga, dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň haýsy eserlerini söýüp okaýaňyz?

— Men çagalyk ýyllarymda Mark Tweniň «Tom Soeriň başdan geçirenleri», «Geklberri Finniň başdan geçirenleri» atly eserlerini, arap, iňlis, hytaý, hindi, nemes ýazyjylarynyň eserlerini söýüp-söýüp okanym ýadymda. Şondan soň daşary ýurt edebiýatynyň eserleri meni özüne imrindirip başlady. Dördünji synpdan başlap ähli türkmen edebiýatynyň altyn hazynasy bilen birlikde dünýä ýazyjylarynyň eserlerini yzygiderli okap gelýärin. Markes, Aýtmatow, Dostoýewskiý, Flober, Draýzer, Hemingueý, Balzak ýaly dünýä ýazyjylarynyň eserleri, Baýron, Gamzatow, Ýesenin, Blok, Lermontow, Rubsow ýaly dünýä şygryýetiniň läheňleriniň poeziýasy kalbymyň sejdegähi.

— Söýgi — ömürleriň manysy, söýgi ynam, ygrar, wepa...

— Söýgi hakda köp ýazýaňyz diýjek bolýaňyzmy? Söýgi ýok ýerinde sungatam, edebiýatam bolup bilmez. Söýgi — Watan, toprak, ýaşaýyş, Asman-Zemin arasy. «Arş söýmese, Zemin gülüp bakarmy?» diýen setirlerim ýadyma düşýär. Söýgi — älem. Söýgi — bitewülik. Şonuň üçinem ony ownatmaly däl, harlamaly däl. Söýgini dönüklikden, ikiýüzlülikden, biwepalykdan, ynsynmalardan we kemsinmelerden gorap saklamaly.

— Şahyr nädip ýa-da haçan gowy eser ýazyp biler?

— Şahyr haçan öz dünýäsine aralaşyp, eseriň ruhuna girende gowy eser ýazar. Özüm-ä iň ýürege ýakyn, duýguly kämil eserlerimiň tebigata çykyp, baglaryň «pyşyrdylaryny», ýapraklaryň şybyrdylaryny, guşlaryň jürküldilerini, dünýäniň güwwüldilerini, awara ýelleriň alysdaky uwwuldylaryny eşidip ýazanymda döreýändigini duýýaryn. Duýgulary ýaşan ömrüň, geçen ýollaryň, özüňe siňdirilen ykbalyň berýär. Iň esasysy bolsa, tebigatyň seni joşduryp durmagy gerek. Çünki dünýä durşuna poeziýa, ylham, joşgun. Sen ondan gerek duýgularyňy susup almagy başarmaly.

— Şygyrlaryňyzyň haýsy birini ýüregiňize has ýakyn hasaplaýaňyz?!

— Ýazyjynyň, şahyryň döreden eserleri onuň kalbynyň önümi. Şonuň üçin köňül keramatyndan çykan eserleriň bimähremi bolmaz diýip düşünýärin. Şeýle-de bolsa «Gara perişde» goşgular ýygyndymy hem-de häzirki wagtda çapa taýýarlanýan «Täleý köprüsi» atly uly göwrümli proza eserimi ýüregime juda ýakyn hasap edýärin. Çünki bu kitaplarymda ömrümiň çuňňur mazmuny jemlenendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik dünýäsine giň ýol açýan hormatly Prezidentimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Poeziýa ýaly owadan, yşk ýaly bendiwan ediji jadylaýjy dünýäde, Arkadagly Watanda her bir döredijilik adamynyň ylham derýasy gaýnap joşsun!

— Döwletgeldi aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, döredijilik äleminde uly üstünlikler arzuw edýäris!

Ýazgül ANNAÝEWA,

ussatnews.com

Ussat news

Başga ussatlar
1674767faa6003.jpeg
Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş, ussat mugallym Saragt Babaýewe Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň — «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adyň dakylmagy ussat heýkeltaraşa tüýs ýürekden hormat goýýan halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.


1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.

1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.


161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.