Nebitgaz pudagyny ösdürmek – ykdysadyýetiň ösmeginiň esasy şerti
9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanmagyň hasabyna çig nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, geologiýagözleg we buraw işleriniň, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynda geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem bu işe iri nebitgaz kompaniýalaryny we maýadarlary çekmek üçin zerur bolan çäreleriň görülmegini tabşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar, Türkmenistany senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde oňa möhüm orun berilýär. Energetika pudagyna uly möçberde maýa serişdeleri goýuldy, bu bolsa, täze iri ýataklary, şol sanda Hazaryň türkmen böleginde, Amyderýanyň sag kenarynda, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde iri «Galkynyş» gaz käninde täze ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik mümkinçilikleri ýokarlandy, nebithimiýa senagaty ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy. Ýurdumyzda poipropileniň we polietileniň, esasy tehniki ýaglaryň, gidro usul bilen arassalylan dizel ýangyjynyň, sintetiki benziniň önümçiligi özleşdirildi. Gyýanlydaky polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod, azot dökünlerini öndürýän «Garabogazkarbamid» zawody ýaly gazy düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat toplumlary gurlup ulanmaga berildi.
Gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýä bazaryna energiýa serişdeleriniň ugradylmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin strategik ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ugurda taslamalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistan-Hytaý döwletara gazgeçirijisini gurmagyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen bölegini çekmek işi tamamlanyp barýar.
Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanda tebigy we ugurdaş gazyň 42 milliard kubmetre golaýynyň çykarylandygyny bellemek gerek, bu 2020-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 8 milliard kubmetre golaý köpdür. Ösüş depgini 123,4 göterime deň boldy. Eksporta gazyň 22,8 milliard kubmetrden gowragy iberildi, ol geçen ýylyň birinji ýarymyna garanyňda 37 göterim köpdür. Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň agramly bölegi Hytaý Halk Respublikasyna ugradyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisiniň bir ýylda türkmen tebigy gazynyň 40 milliard kubmetrini akdyrmaga, onuň geçirijilik ukybynyň bolsa, 55 milliard kubmetre barabardygyny bellemek gerek. Geçen ýyldan başlap, “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan gaz satyn alyp, ony Özbegistana geçirýär: ol 2020-nji ýylda 0,9 milliard kubmetr, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa 1,5 milliard kubmetr gaz satyn aldy.
Umuman bularyň hemmesi Gazy eksport edýän ýurtlaryň Forumynyň (GECF Global Gas Outlook 2050) bilermenleriniň Özbegistanyň we Gazagystanyň “mawy ýangyjyň” eksportyny kem-kemden azaltmakçy bolýandygy, sebäbi bu ýurtlarda gazylyp alynýan gazyň içerki hajatlar üçin zerur boljakdygy baradaky çaklamasyny tassyklaýar. Bu bolsa türkmen gazynyň dünýä bazaryna eksportyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň içerki bazarynyň “mawy ýangyja” bolan islegi barha ýokarlanýar. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýagdaý köpsanly senagat we durmuş maksatly desgalaryň işe girizilmegi, şeýle hem nebitgaz pudagyny, elektroenergetika, himiýa senagatyny has-da ösdürmek boýunça meýilnamalar bilen şertlendirilendir.
Şunuň bilen baglylykda Daşoguz welaýatynda, Ýylanly gazkompressor desgasynyň golaýynda Merkezi Garagumyň we Naýybyň ýataklaryndan çykarylýan tebigy gazyň düzümindäki etandan poliwinilasetat öndürýän zawody, Balkan welaýatynda metildiýetanolamin öndürýän desgany gurmak meýilleşdirilýär. Gyýanlydaky polimer zawodda alynýan etilen onuň üçin çig mal bolup hyzmat eder, Ahaldaky benzin öndürýän zawodda bolsa, metanol we izobutan öndürýän desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda şol desgalaryň gurluşygyna maýa goýmak barada daşary ýurtly kompaniýalar bilen gepleşikler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan netijeli daşary syýasatynyň esasyny ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi düzüp, bu syýasat iri maýagoýum taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlara giň mümkinçilikleri açýar.
«Galkynyş» gaz känini gurmak üçin HHR-niň, Gyýanlydaky, Ahaldaky we Garabogazdaky gazhimiýa toplumlaryny gurmak üçin Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň maliýe edaralarynyň goýberen maýagoýum karzlary, Yslam ösüş bankynyň hem-de Saudyň ösüş gaznasynyň TOPH taslamasyny maliýe taýdan goldamagy şoňa mysal bolup durýar.
Türkmenistanyň nebitgazly ýataklaryny gözlemek we işläp taýýarlamak üçin Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi), Hazarda “Toplum-1” şertnamalaýyn çäkde işleýän «Petronas Charigali (Türkmenistan)» kompaniýasy, BAE-niň «Dragon oil» kompaniýasy (“Çeleken” şertnamalaýyn çägi), “Eni” italýan kompaniýasy (“Nebitdag” çägi) uly möçberde maýa serişdelerini goýýarlar.
Nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bolan täze taslamalaryň hatarynda - “Galkynyş” käninde guýulary gurmak işleri bolup, olary «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Ltd» amala aşyrar. Taslamanyň möhleti 30 aý bolup, kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegi HHR-ne her ýylda tebigy gazyň 17 milliard kubmetrini üç ýylyň dowamynda akdyrmagyň hasabyna amala aşyrylar.
Russiýanyň «Tatnebit» kompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk giňelýär, ol Goturdepe ýatagynyň nebitli guýularynyň önümliligini artdyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär. Guýulary düýpli abatlamak bilen bit hatarda kompaniýa olary gapdallaýyn burawlamaga taýýarlyk görýär. Bu tehnologiýanyň täze önümli ýerleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik bermegi onuň esasy artykmaçlygy bolup durýar. Şunda işleriň bahasy täze dik guýyny gurmak üçin çykdajylardan has arzan düşýär.
Umuman, bularyň hemmesi Türkmenistanyň energetika syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, nebitgaz senagatyna daşary ýurt maýalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek, bu ugurda dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek onuň esasy ugurlarynyň biridir.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.