Habarlar

«JAHAN» DÖREDIJILIK MERKEZI DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

https://ussatnews.com/storage/posts/169/original-15fa02b443cfd6.jpeg

Paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Merkeziň birinji gatynda tans toparlary üçin zal, sport zaly ýerleşdirildi. Binanyň ikinji gatyna şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk otagy, ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şonuň ýaly-da çeper-tikinçilik otagy ýerleşdirildi.

Döredijilik merkezinde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.

Ussat news

Başga habarlar
16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.