Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi goldady
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Abraýly halkara düzüminiň baştutany Milli Olimpiýa komitetiniň ýurdumyzda
2023-2025-nji ýylllarda AOK-nyň Baş Assambleýasyny we onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisini geçirmek baradaky resmi teklibine garandygyny hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Türkmen döwletiniň Baştutanynyň teklibini kabul edýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli çözgüt kabul ediler, şonuň ýaly-da AOK-nyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda Türkmenistanda AOK-nyň Baş Assambleýasynyň hem-de onuň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek ýyly kesgitlener.
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda Olimpiýa hereketini ösdürmäge berýän yzygiderli goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Öňki pikir alyşmlara laýyklykda, AOK-nyň ýolbaşçysy Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2023-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda VII Aziýa kenarýaka oýunlaryny geçirmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahyň nygtaýşy ýaly, Awazada VII Aziýa kenarýaka oýunlarynyň geçirilmegi bu zolaga oýunlaryň geçirilýän wagtynda we ondan soňra köpsanly janköýerleriň hem-de syýahatçylaryň gelmegine ýardam eder.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.