«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy yglan edildi
Geçen aýyň 27-sine hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde üstümizdäki sentýabr aýyndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygyň yglan edilýändigi habar berildi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen dünýä ülňülerine gabat gelýän göni we giň şaýollar guruldy. Olar döwrebap howpsuzlyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Ösen döwrüň talaplaryna laýyk ýaşaýan raýatlarymyz awtoulag serişdelerinden doly peýdalanýarlar. Ulaglaryň artmagy durmuş şertlerinde amatlyklary döretmek bilen birlikde, howpsuzlyk meselesini berjaý etmekligi şertlendirýär. Häzirki wagtda gije-gündiziň dowamynda ulaglaryň hereketiniň kesilýän wagty ýok diýmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurulýan aýdyň we abadan ýollarymyzda sürüjilere-de, pyýadalara-da ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmeklige ähli şertler bar.
Tomus paslynyň ahyrlap, altyn güýze gadam basylmagy bilen köçe-ýol hereketine gatnaşýanlar has-da artýar. Ulag we pyýada hereketiniň üzül-kesil köpelmegi oňa gatnaşyjylaryň jogapkärçiligini hem artdyrýar. Halkymyzyň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen kada öwrülen netijeli çäreleriň toplumy adamlary seresaplyga, ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine çagyrýar.
Ýurduň ýollary ykdysady kuwwatynyň hem görkezijisi bolup durýar. Türkmenistanyň dürli ugurlara degişli kaşaň desgalary ýol gurluşygynyň täsin binalary bilen bilelikde alanyňda has-da gözeldir we ol bitewi sazlaşygy emele getirýär. Ýollaryň, ýanýodalaryň, sowma ýollaryň gyrasyna elwan gülleriň ekilmegi, owadan hem-de ykjam sütünlerdäki çyralaryň gijäni gündiz edip, töwerege ýalkym saçmagy her bir adamda şatlyk we buýsanç duýgularyny oýarýar we ýol hereketiniň howpsuzlygyna oňaýly täsirini ýetirýär. Göni we aýlawly köprüler, tonneller sürüjiler üçin aýratyn eşretdir. Döwrebap ýerasty we ýerüsti geçelgeler pyýadalar we sürüjiler üçin amatly hem-de howpsuz şertleri üpjün edýär.
Döredilýän amatlyklaryň hözirini görmek, netijeli peýdalanmak bilen birlikde raýatlarymyz, ýagny sürüjiler we pyýadalar özleriniň kanuny borjuny hem berjaý etmelidirler. Ulaglaryň has köpelen häzirki döwründe bu örän möhüm bolup durýar.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.