Ýurdumyzyň edermen pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler
Ýurdumyzyň edermen pagtaçylary “ak altyn” taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Daýhanlar Watan harmanyna 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny tabşyrdylar. Diýarymyzyň merdana «ak altyn» ussatlary şu günler gowaçanyň galan hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur işler dowam etdirilýär.
Şeýle hem ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy: geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektar meýdana däne ekildi.
Hormatly Prezidentimiz zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada Permana gol çekdi. Permana laýyklykda olara Oba hojalyk uniwersitetinde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçiriler.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.