Makalalar

Gülşirin Öwezmämmedowa bagtyýar durmuşyň hözirini görüp baýramçylyk dabaralarynda gyzlarynyň tikýän lybaslaryny geýýär

https://ussatnews.com/storage/posts/1844/original-1613d9a8ceae30.jpeg

Ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky ýakymly owaz ýaly mylaýymlyk, mähribanlyk Gülşiriniň ylhamdan pürepür dünýäsine mahsus. Onuň «Arkadag», «Watan», «Ýar onda aglar» ýaly aýdymlaryny sungaty söýüjiler uly höwes bilen diňleýärler. Ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Gülşirin ÖWEZMÄMMEDOWA bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

— Gülşirin, söhbedimizi aýdym aýtmaga gelşiňizden başlaýalyň!

— Aýdym-saz meniň çagalykdan göwün hemram boldy. Kakam sungat adamy bolansoň, çagalykdan bar ünsüm aýdymdyr sazda bolup, oňa ykbalymy bagladym.

— Sungat ýolundaky halypalaryňyz hakynda-da aýdaýsaňyz!

— Sungat ýolunda halypam kakam. Türkmen aýdym-saz sungatynda özboluşly ýol goýan halypalaryň aýdan aýdymlaryny döwrebap öwüşginde ýerine ýetirmek döredijiligiňe millilik ruhuny çaýyp, kämillik menziline atarýar. Olaryň sungat ýollary bize mekdep bolup durýar. Şatlansak, gursagymyza sygman, gözlerimizde uçganaklaýan bagtymyzy äşgär edip, hiňlenip aýdym aýtmagymyza sebäp bolýanam ýene-de aýdym-saz.

— Aýdym-saz sungatyna gelmegiňizde maşgalaňyzyň täsiriniň uly bolandygyny ýaňzytdyňyz.

— Hawa, maşgalamyň aňyrsy sungat bilen ykbalyny baglan adamlar. Garry babam bagşy bolupdyr. Atam dutar çalyp, saz döredýän eken. Kakam Agamyrat Öwezmämmedow Türkmenistanyň at gazanan artisti. Öýe kakamyň ýanyna halypalar Gurban Gummanow, Han däde, Bally Hajy dagy gelip, aýdymdyr saz döredenlerinde gulaga öwrülip diňleýärdim. Çaga kalbyma şol mukamlar ylham bolup siňdi.

— Aýdymyň şowly çykmagynda sözüň hem sazyň özboluşly sazlaşygy gerek.

— Elbetde, aýdymçynyň hoş owazynyň ýüreklere ýol salmagynda şahyryň, kompozitoryň tagallasy uly. Şahyryň ylhamyndan dörän goşgy setirleri saz bilen sazlaşanda ajap sungat eseri döreýär.

— Aýdymlaryňyzyň ilkinji diňleýjisi kimler?

— Ýerine ýetirýän her bir aýdymymy ilki diňleýän hem, aýdymlarymyň şowly çykmagynda ýakyn maslahatçym hem ejem jan. Kakamyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny hem ejem diňleýär. Sebäbi zenan dünýäsi duýguçyl hem inçe bolýar.

— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz?

— Ilkinji aýdymymy 7-nji synpda okaýan döwrüm mekdebimizde geçirilen baýramçylyk dabarasynda aýdypdym. Şonda ýerine ýetiren «Eje» diýen aýdymymy häzirlerem hiňlensem, bir pursatlyk çagalyk döwrüme dolanýaryn. Ilkinji gezek teleýaýlymda ýerine ýetiren «Aý joram» aýdymym şowly çykypdy. Bu aýdym maňa uly üstünlik getirdi.

— Durmuşdaky bagtly pursatlaryňyzy ýatlap geçäýseňiz!

— 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym durmuşymda bagtly pursatlaryň biri bolupdy. 1999-njy ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym, şol ýylda ilkinji perzendimiň — gyzjagazymyň dünýä inmegi göwün joşduryjy, unudylmajak bagtly pursatlar boldy.

— Gülşirin, zenan we gözellik biri-biri bilen bagly düşünjeler...

— Zenanyň daşky we içki gözelligi sazlaşanda, oňa taý geljek zat bolmaz. Zenan gözellik döretmegiň yşkynda. Ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyplygy kalbymyza siňýär-de, ylham bolup, joşup çykýar. Köňlüň gözelligi duýup durka, sen hem şol gözellikde özüňi görýärsiň.

— Sungat adamlaryna maşgaladaky gatnaşyklaryň täsiri hem uly bolýar. Ýeri gelende maşgalaňyz hakyndaky söhbet bilen gürrüňimizi dowam edäýeli!

— Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamak uly bagt. Sungaty jany-teni bilen söýýän kakam, ejem, jigim lukman, gyzlarym Akpamykdyr Gülpam meniň durmuşdaky maslahatçylarym. Baýramçylyk dabaralarynda geýýän lybaslarymy hem gyzlarym tikýär.

— Geljekdäki maksatlaryň baradaky gürrüň bilen söhbedimizi jemläýeli!

— Geljekde-de ajaýyp aýdymlar bilen Watanymyzyň waspyny ýetireris. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän bu ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uly dabaralara beslenýär. Bu toýa Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylary we sazandalary uly taýýarlyk bilen barýarlar. Aýdym-saza, sungata we sungat işgärlerine goýýan belent sarpasy, açyp berýän ak ýoly üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

— Gülşirin, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, sungat äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Ýazgül ANNAÝEWA,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.