Makalalar

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Saryýa KARAHANOWA: Meşhur «Dehistan» folklor toparynyň üstünlikli çykyşlarynyň syry nämede?

https://ussatnews.com/storage/posts/1892/original-161462017ed5d8.jpeg

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgüniň direktory, “Dehistan” folklor-etnografik toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Watanymyzyň ýokary sylagy – «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medalynyň eýesi Saryýa KARAHANOWA bilen ussatnews.com gazetimiziň habarçysy söhbetdeş boldy. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirýäris.

– Saryýa Karahanowa, özüňiz hakynda, döredijilik ýoluňyz barada gürrüň beräýseňiz...

– Men Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli obasynda doguldym. Aşgabatdaky Zehinli çagalar mekdebinde okap, terbiýe aldym. Şol döwürki Respublikan sazçylyk mekdebiniň ýanyndaky balet studiýasyna gatnadym. 1966-njy ýylda, 16 ýaşymda Türkmenistanyň Halk tans toparyna girdim. Mälim bolşy ýaly, ol ilkinji türkmen tans topary bolupdy. Onuň sahna gorunda ajaýyp folklor sahnalary bardy. Biziň artistlerimiz dünýäniň köp ýurtlarynda – Finlýandiýada, Fransiýada, Ýaponiýada, Marokkoda, Liwiýada, Liwanda, Hindistanda, Zambiýada, Namibiýada, Türkiýede üstünlikli çykyş etdiler. Toparyň konsert maksatnamalary milli öwüşgine eýe bolup, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Men toparda tansçy, synaga taýýarlaýjy, baletde tans goýujynyň kömekçisi bolup 30 ýyl işledim.

– Horeograf bolşuňyz barada hem aýdaýsaňyz.

– Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa meni öz studiýasyna baletmeýster hökmünde işe çagyrdy. Soňra bu studiýanyň binýadynda «Dokmaçylar» folklor topary döredildi. Bu toparyň ilkinji ädimlerini ýatlamak meniň üçin örän ýakymly. Dutaryň we gyjagyň owazlary astynda tans goýşumyz, soňra bu başlangyjy beýleki tans toparlarynyň dowam etmegi buýsançly ýatlamalara öwrüldi. Bu toparyň sahna gorunda – «Halyçy gelin», «Garagöz gelin», «Bu gün» atly aýdym-sazly sahnalarym bar … Soňra dessanlardan tanslary goýup, bu ugurda tejribämi artdyrdym. 2013-nji ýylyň ýanwarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçiler medeniýet köşgüniň «Dehistan» folklor topary döredildi.

– «Dehistan» topary tiz meşhurlyga eýe bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hem boldy. Siziň döredijilik toparyňyzyň üstünlikli çykyşlarynyň syry nämede?

– Tans – bu sungatyň örän gyzykly, baý mazmunly görnüşi. Ol halkyň taryhyny, onuň ruhy durmuşyny, baýramçylyk we durmuş pursatlaryny şöhlelendirýär. Tans goýujy sahnada halk tansyny döretmezden öň, milli däp-dessurlary, adatlary öwrenmeli. Halk döredijiliginiň esasynda sahna tansy goýlanda onuň maksadyny, pikirini, ýerine ýetiriş usulyny saklamak möhüm bolup durýar.

Kärdeşim balet tansyny goýujy merhum Döwran Meredow toparyň kemala gelmegine hem-de täze sahnalaryň döredilmegine uly goşant goşdy. Ol toparyň beýleki agzalary bilen bilelikde ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ähli ýerlerine aýlanyp, ýerli däpleri öwrendi. Onuň irginsiz gözlegi we yhlasy «Dehistan» folklor toparymyzyň abraýyny artdyrdy.

– «Dehistanyň» haýsy konsertleri sizde aýratyn täsir galdyrdy?

– Biziň «Dehistan» toparymyz Aşgabatda, ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we daşary ýurtlarda – Belarusda, Hytaýda, Gazagystanda, Özbegistanda çykyş etdi. Italiýa saparymyz ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Ol ýerde toparymyz Milan şäherinde guralan «EKSPO–2015» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzyň tans toparlarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň dürli öwüşginli çykyşlary, milli lybaslara we ajaýyp şaý-seplere beslenen türkmen artistleriniň ýerine ýetirijilik ussatlygy dabara gatnaşyjylarda hem-de Bütindünýä sergisine gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri netijesinde bu gün zehinleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, dörediji ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegi üçin täze mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeler – türkmen halkynyň baý mirasyny wagyz etmek, türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklap, döwrüň ruhuna kybap gelýän täze eserleri döretmek wezipeleri goýuldy. Bu asylly işe mynasyp goşant goşmak meniň üçin uly bagt! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge, türkmen halkynyň medeni mirasyny, onuň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamaga we artdyrmaga berýän uly ünsi üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!

– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň, size geljekde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

Swetlana GORJIÝ,

Ussatnews.com.

Ussat news

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.