Habarlar

Türkmenistan Gruziýa nebit önümlerini iberilen möçberi boýunça ilkinji gezek birinji orny eýeledi

https://ussatnews.com/storage/posts/1900/original-161477a840b349.jpeg

Gruziýanyň Nebit önümleri boýunça importçylar birleşiginiň habar berşi ýaly, şu ýylyň sekiz aýynda Gruziýa awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň 743,7 müň tonnasyny satyn aldy. Geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdireniňde daşary ýurtlarda şol nebit önümleriniň satyn alnyşy 4 göterime golaý artdy.

Awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň iberilen möçberi boýunça Türkmenistan ilkinji gezek birinji orny eýeledi. Şol nebit önümlerini uly möçberde iberýän döwletleriň hataryna häzir Russiýa, Azerbaýjan, Rumyniýa we Bolgariýa girýär.

Hususan-da, ýanwar-awgust aýlarynda biziň ýurdumyzdan gruzin bazaryna awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň 170 müň tonna golaýy baryp gowuşdy. Bu görkeziji 2019-njy ýylyň 8 aýy bilen deňeşdireniňde 100 müň tonna köpdür.

Deňeşdirmek üçin: 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistan Gruziýa awtoulag benzininiň we dizel ýangyjynyň 105 müň tonna golaýyny iberdi, 2019-njy ýylda bolsa, ýagny dünýä ykdysadyýetinde dörän çökgünlige çenli iberilen şol önümleriň umumy möçberi 119, 4 müň tonna deň boldy.

Türkmenistanyň Gruziýa iberýän uçar kerosininiň möçberleri boýunça hem köp ýyllaryň dowamynda birinji orny eýeleýändigini bellemek gerek.

Başga habarlar
16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.


16af40f5b47663.jpeg
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.


16af2b34039863.jpeg
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.

16aeeff6683cc6.jpeg
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär

6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.


16aeefcbcbce55.png
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy

Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.