Habarlar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Bagabat» şypahanasy gurlup ulanylmaga berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/190/original-15fa6cb78740fa.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze şypahana toplumy Aşgabadyň etegindäki Änew şäherinden 16 kilometr uzaklykda ýerleşýän ajaýyp Bagabat jülgesinde guruldy. “Bagabat” şypahanasy barada aýdylanda bolsa, ol bu künjegiň adybir jülgesinde bina edildi. Ýurdumyzyň alymlarynyň geçiren ylmy-barlaglary arassa dag howasynyň, güneşli howada gezelenç etmegiň adamyň saglygyna, keýpiçaglygyna we ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini tassykladylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän we birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr. Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär. Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar raýatlaryň saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirerler.

Şypahana üç gatly binalaryň ikisinden ybarat bolup, olaryň her birinde bir orunlyk otaglaryň 25-si, iki orunlyk otaglaryň 35-si we lýuks otaglaryň 5-si ýerleşýär.

Bu ýerde diýetolog-lukmanyň görkezmesi esasynda berhiz tagamlary taýýarlaýan restoran, kitaphana, internet-zal, maslahatlar zaly we fitobar hereket edýär. Onda müşderilere dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan bejerijilik häsiýetli çaýlar, miwe önümleri, şerbetli suwlar hödürlenilýär.

Ak mermerli binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde gezelenç etmäge niýetlenen ýodalar çekilipdir, oturgyçlar goýlupdyr. Toplumyň çäginde futbol, basketbol, tennis, bilýard bilen meşgullanmak üçin sport toplumy, çagalar sport meýdançasy we çaýhana bar.

Ussat news

Başga habarlar
16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.


16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.