Arçabil şaýolunyň ugrunda beýikligi 25 metre barabar bolan “Saglyk” binasy açyldy
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda, Arçabil şaýolunyň ugrunda — “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan ýoluň esasy çatryklarynyň birinde gurlan “Saglyk” binasy açyldy.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýetip gelýän 25 ýyllyk baýramyna gabatlanyp açylan “Saglyk” binasy döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Aşgabat şäher häkimliginiň 2-nji ýol gurluşyk kärhanasy baş potratçy, “Myhmansöýer” hususy kärhanasy kömekçi potratçy hökmünde çykyş etdi.
Umumy beýikligi 25 metre we gurluşyk meýdany 1256 inedördül metre barabar bolan bu bina ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny hem-de Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri alamatlandyrýar.
Türkmen paýtagtynyň şäher ýakasynyň binagärlik keşbi bilen sazlaşýan bu täsin bina ak reňkli 20 metrlik sütünleriň 8-sinden ybaratdyr. Şolar ýokarda altynsow halkalaryň bäşisi bilen birleşdirilýär. Olar ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýar.
Binanyň çür depesinde möçberi 3,5x1,5 metre barabar bolan çanakda ornaşdyrylan, özüniň okunyň daşynda aýlanýan, beýikligi 4 metre barabar bolan milli lukmançylyk nyşany ýerleşýär.
Üzärlik derman otunyň 27 baldagynda 27 sany düwmesi bilen gurşalyp alynmagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň bellenýän senesini alamatlandyrýar.
Binanyň özi diametri 40 metre deň bolan aýlawyň merkezinde ýerleşýär. Granitiň umumy meýdany 1 572 inedördül metrden gowrakdyr, mozaikanyň meýdany 68,15 inedördül metrdir.
Ägirt uly binanyň aşakky bölegini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynyň hem-de döwrebap lukmançylyk merkezleriniň şekilleri bezeýär. Şolaryň hatarynda Halkara newrologiýa merkezi, Halkara göz keselleri merkezi, Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi, Estetiki merkezi, Halkara “Ene mähri” merkezi, Kelle we boýun bejeriş halkara merkezi, Stomatologiýa merkezi, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi, Şikesleri bejeriş halkara merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi bar.
“Saglyk” binasy “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, uzynlygy 23 kilometr bolan döwrebap iki zolakly awtomobil ýolunyň ugrunda guruldy.
Şypahananyň özüne bolsa uzynlygy 5,5 kilometr bolan, asfalt örtüginiň ini 9 metre deň bolan iki zolakly awtomobil ýoly çekildi. Täze ýol döwrüň talaplaryna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren anyk tabşyryklary göz öňünde tutulyp guruldy.
Ussat news
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.