Köýtendagyň tebigaty — türkmeniň gadymy mirasy
Taryha nazar aýlasak, türkmen halky asyrlaryň dowamynda özboluşly ajaýyp medeniýetini we onuň esasy bölegi bolan milli mirasyny döredip, gorap, ösdürip nesilden-nesillere geçirip gelipdir. Gadymy şäherler bolan Nusaýyň, Merwiň we Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, gadymy taryhynyň bolandygyna şaýatlyk edýär. Olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şol milli mirasyň içinde Köýtendag sebiti özüniň täsin tebigaty, gadymy tebigy ýadygärlikleri, haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi bilen häzirki döwürde türkmeniň gadymylygyny görkezip, dünýä syýahatçylaryny hem gyzyklandyryp gelýär.
Köýtendag ýurdumyzyň çet günorta-gündogarynda Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşip, ol dürli görnüşli tebigy baýlyklara örän baýdyr. Bulara mysal edip, Köýten obasynyň ýanyndaky uly çynary, 500 ýaşly arça agajyny, köp sanly karst gowaklaryny, Hojapil obasynyň golaýynda 1300–1600 metr belentlikde ýerleşýän dinozawrlaryň yzyny, 27 metr belentlikden gaýdýan Umbardere şaglawugyny, gowakdaky köl suwunda ýaşaýan kör balyklary, Gaýnar baba mineral çeşmesini, Kyrkgyz gowagyny we beýlekileri görkezmek bolar.
Arnap tokaýjygy Köýten obasynda «Gündogar» syýahatçylyk merkeziniň ýakynynda ýerleşýär. Bu tokaýjyk arassa arnap agaçlaryndan emele gelen. Arnap ösümlikleri garatikenliler maşgalasyna degişli bolup, agaçlarynyň sany, ululygy we ýaşy boýunça Merkezi Aziýada ýeke-täk hasaplanylýar. Bary-ýogy ýarym gektardan köpräk ýerde arnap agaçlarynyň dürli ululykdaky iki müňe golaýy ösüp otyr. Tebigat ýadygärligi statusy berlen bu çaklaň tokaýlyk Köýtendag döwlet goraghanasy tarapyndan goralýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýer «Çylan ata» ady bilen öwlüýä, ýagny keramatly ýer hasaplanýar. Rowaýatda aýdylyşyna görä, gadym zamanlarda bir keramatly adam çeşme boýunda dynç almak üçin düşläpdir we elindäki hasasyny ýere dürtüp goýupdyr. Ýere dürtülgi hasa ýaprak çykaryp, kök urupdyr. Şol ýekeje gögeren agaçdan wagtyň geçmegi bilen köpelip, arnap tokaýjygy emele gelipdir. Şol çeşmäniň suwy bolsa şypaly suwa öwrülipdir we onuň suwunyň düzüminde kükürtli wodorodyň barlygy sebäpli, onuň dermanlyk häsiýete eýedigi alymlar tarapyndan öwrenildi. Adamlar bu ýere her dürli kesellerden, esasan hem, deri kesellerinden saplanmak üçin gelýärler.
Arnap tokaýlygynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, daşky görnüşi boýunça-da aýratyn owadan guş – uzynguýruk jennet siňekçisi duş gelýär.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çetki günorta-gündogarynda ýerleşen Köýtendag gerşinde jahankeşdeligi we syýahatçylygy ösdürmek üçin ähli şertler bar. Tebigatyň gaýtalanmajak bölekleri, karst gowaklary, owadan dereler, ýyly suwly çeşmeler, senagat we gurluşyk ähmiýetli bolan mermer daşlar ünsüňi özüne çekýär. Köýtendagyň gaýtalanmajak gözel tebigatyny ylmy taýdan öwrenmek biziň ýagny, geljekki hünärmenleriň esasy wezipesidir.
Röwşen EÝEBERDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.