Ahalteke bedewleri - «ganatly bedewler»
Ahalteke bedewleriniň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Gyz gylykly türkmen atlarynyň aýratynlyklary barada taryh sahypalarynda köp sanly maglumatlara gabat gelmek bolýar. Muňa mysal hökmünde gadymy heýkeltaraşlyk sungatynyň önümi bolan arheologiki tapyndylary, Nusaýdaky, Goňurdepedäki diwar ýüzüne çekilen suratlary, Köneürgençden tapylan syrçalanan önümleriň böleklerini ýatlamak hem ýeterlikdir.
Ýelden ýüwrük bedewleriň waspyna Gerodot, Strabon, Aristotel, Gomer, Owidiý, Wergiliý, Ksenofont ýaly gadymy dünýä alymlarydyr şahyrlarynyň döredijiliginde hem duş gelmek bolýar. Miladydan öňki VI asyrda, Isgender Zülkerneýin Orta Aziýa ýörişiniň dowamynda şeýle ýazgylar galdyrypdyr: «Bu halkyňky ýaly ýüwrük, çydamly, älemgoşar öwüşginli, daň şapagyny ýada salyp duran owadan reňkli atlar dünýäniň başga hiç bir künjeginde ýokdur». Onuň ýatlamalarynyň başga bir ýerinde ahalteke bedewlerini «ganatly bedewler», «asmany atlar» ýaly buýsançlydan-buýsançly sözler bilen taryplaýar.
Ahalteke atlarynyň wasp edilişine gadymy hindileriň, mesopotamiýalylaryň, müsürlilerdir wawilonlylaryň, greklerdir rimlileriň rowaýatlarydyr ertekilerinde hem duş gelmek bolýar.
Hawa, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewlerini kemala getirmekleri, adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Pederlerimiz ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir gözelligine taý gelmejek behişdi aty kemala getirmän, eýsem, olarda ynamdar dost, wepalylyk, namyslylyk, mertlik ýaly häsiýetleri-de terbiýelemegi başarypdyrlar.
Aýnur GOÇAKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.