Rahman Hudaýberdiýew özüniň ajaýyp aýdymlary bilen halkymyzyň armasyny ýetirýär
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Rahman Hudaýberdiýew indi ençeme ýyl bäri ýurdumyzda bellenilýän toýdur baýramlarda özüniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, halkymyzyň armasyny ýetirip gelýär.
Ýurdumyzda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Rahman Hudaýberdiýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Biz Rahmany mynasyp bolan hormatly ady bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolduk.
— Rahman, sözümiziň başynda sizi hormatly ada mynasyp bolmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!
— Sag boluň! Men hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimizde gazanylýan ösüşleri aýdymdyr sazlar bilen wasp edýärin. Kärime söýgim, yhlasym hünärimde şeýle üstünligi, maşgalama bolsa bagty, agzybirligi getirdi.
— Okyjylarymyza aýdym-saz älemine gelşiňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!
— Sungata, aýratyn hem aýdym-saza bolan söýgi mende çagalykdan başlady. Ýedi ýaşymda ilkinji gezek aýdym aýtdym. Orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşiklerine, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyp, çagalar, güneşli Diýarymyz hakda döredilen aýdymlary aýdýardym.
2006-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 11-nji orta mekdebini üstünlikli tamamladym. 2008-nji ýyldan başlap aýdym-sazda maňa ilkinji halypalygyny eden Nurmuhammet Meredowyň ýanyna gatnap, ondan aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, sahnada özüňi alyp barmagyň medeniýetini, sazandalaryň çalýan şirin sazlaryny yzarlamagy, oňa düşünmegi öwrendim.
Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplyk ýyllarym halypa mugallymlarymyzdan hem köp zatlary öwrendim.
— Siziň aýdymlaryňyzyň köpüsi ýaşlyk ýatlamalary, ýaşlygyň hyjuwly duýgulary bilen diňleýjini gurşap alýar.
— Ýaşlyk ýatlamalary hakynda aýdanymyzda, bu ýakymly pursatlar ynsany islendik wagt hem terk etmeýän, duýgularyň iň ajabyna, iň näzigine ýugrulan pursatlardyr. Her bir çeperçilik, döredijilik ugrunyň öz matlaby, ynsana aňlatmak isleýän çeper beýany bolýar. Ol beýan haýsy döwri, haýsy wakany öz içine alýandygyna garamazdan, bir zady maksat edinýär: beýik adamkärçilik ruhuny kemala getirmek, ynsany dogry ýola, dogry çözgütlere gönükdirmek. Oňa bolsa duýgular, ýatlamalar bilen ýetmek has täsirli hem lezzetli bolýar.
— Durmuşyňyzda ýatdan çykmajak günler bolandyr...
— Adam ömri ýatda galyjy, gyzykly wakalardan doly bolýar. Şeýle günler meniň hem durmuşymda birnäçe gezek boldy. Durmuşymyň bagtly günleri diýip, durmuş toýuny tutup, perzentlerimiň dünýä inmegi, şeýle-de 2012, 2013, 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginde ýeňiji bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolan günlerim meniň durmuşymda ýatdan çykmajak günler bolup, serpaýyň gowşurylan pursady kalbymdaky buýsanç duýgulary dünýäme nur bolup çaýyldy.
— Kalbyňy joşa salýan zatlar bardyr?
— Meni şirin sazlary diňlemegi gowy görýärin. Tyllaýy öwsüp gelýän güýz paslyny halaýaryn, bu pasyl hakyndaky ýazylan goşgular, ýerine ýetirilýän aýdymlar kalbyma aýratyn ýakyn.
— Öňde goýan maksatlaryňyz barada hem aýtsaňyz!
— Zähmetsöýer halkymyza, bize döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň özümiz hakyndaky edýän aladalaryna, bize bildirýän ynamyna jogap edip, arman-ýadaman Watanymyza hyzmat etmek baş maksadymdyr.
— Rahman, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeş bolan Şamyrat
MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.