Türkmen milli göreşiň taryhy
“Türkmen milli göreşiniň” gelip çykyşy we onuň ösüş taryhy hakynda bilýärdiňizmi? Türkmen milli göreşiniň döreýşi hakynda gürrüň edilende biz asyrlaryň jümmüşine gaýybana syýahat etmeli bolýarys. Çünki ähli milli göreşleriň başlangyjynyň adamzat jemgyýetiniň ilkinji basgançagy bolan ilkidurmuş gurluşygyna degişlidigini aýtmak bolar. Her bir döwletiň medeniýet, däp-dessurlary bar. Türkmen toýlary bagşysyz, pälwansyz geçmeýär. Milli göreşimiz bilen Oguz han döwründe hem meşgullanypdyrlar. Gadymy döwür pälwanlaryndan Hezreti Alyny, halk gahrymanlary Rüstem Zal ogluny, Görogly begi, Bezirgen pälwany şeýle-de zenan maşgalalardan Harmandälini we Aýsoltany mysal görkezmek bolar.
Türkmen milli göreşiniň has gadymy döwürlerde esasy synaglaryň biri bolandygy hakynda “Oguznama” eserinde aýdylýar. Gadymy döwürlerde türkmen milli göreşi gandöküşikli we uly jedelli meseleleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Türkmen halkynyň öz milli göreşini biçak söýendigini göreş bilen bagly çuň manyly nakyllaryň döremegindende görmek bolýar: “Göreşde ataň hem bolsa sylama”, “Göreşen ýykjakdyr, ýaryşan ozjakdyr”, “Göreş bir abraýdyr, uruş bir desdir”, “Ýykylan göreşden doýmaz”.
Geçmişde toýuň esasy göreşiniň bir gün öňünden “Geňeş göreşi” diýip atlandyrylýan göreş geçirilipdir. Şol gün pälwanlar ertir kim bilen göreş tutmaklyga mümkinçiliginiň bardygyny kesgitläpdirler. Türkmen ýigitleri öz milli göreşini sarpalapdyr. Durmuşda has başarjaň ýigitlere göreş tutmasa-da “Pälwan ogul” diýip, göreşiň üsti bilen suratlandyrypdyrlar.
Mundan başga-da türkmen milli göreşinde “Gezek bermek” ýaly düzgüni hem bolupdyr. Häli-häzirlerem “Pälwan, indi gezek sendedir” diýlip aýdylmagy ýöne ýerden däldir. Beýle diýildigi haýsy hem bolsa bir pälwanyň hüjüm etmeklik gezegini alýar diýildigidir. Hüjüm etmek gezegi köplenç halatlarda myhman pälwanlara hormat goýmak maksady bilen berlipdir. Käbir halatlarda bolsa, hüjüm etmegi halaýan pälwanlaryň ikisi hem hüjüm etmek gezegini biri-birinden öňürti almak üçin isleg bildiripdirler .Şu hili ýagdaýlarda hüjüm etmek gezegini bije çekmek arkaly çözüpdirler. Sebäbi, pälwanlaryň ikisi haýsy biri ilki hüjüm emellerini ýerine ýetirse, ýeňiş gazanjakdygyna doly ynanypdyr.
Akmuhammet BAÝLYÝEW,
Tükmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.