«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde dowam edýär
Aşgabatda 27-28-nji oktýabrda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahatyna taýýarlyk işleri şu günlerde ýokary depginde dowam edýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Bu abraýly işewürler forumy Türkmenistanyň halkara nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we berkitmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylda geçirilýär. Maslahatyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň soňky dünýä we sebit ýörelgeleri, sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlary çekmek we täze gazhimiýa taslamalarynyň geljegi maslahatlaşylar.
Maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýokary ýolbaşçylarynyň, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy nebit kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda prezentasiýalar we panel gepleşikleri geçiriler.
Forumyň altyn hemaýatkärleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy — Emirates National Oil Company-nyň (ENOC) golçur kompaniýasy bolan Dragon Oil çykyş eder.
1993-nji ýylda Dragon Oil Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde känleri barlamak we işläp taýýarlamak, taýýar önümi paýlaşmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ylalaşyga gol çekdi.
Kompaniýasynyň esasy iş ugry şertnamalaýyn çäkde ýerleşen Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşendir. Bu ýerde Dragon Oil 2000-nji ýyldan bäri öz işini üstünlikli alyp barýar. Bu döwürde operator ulanyş we uzel deňiz stasionar platformalaryny gurdy, onlarça täze guýulary burawlady, bar bolan guýularyň düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi, ulgamyň ähli bölümleriniň abatlaýyş we gaýtadan enjamlaşdyryş işlerini geçirdi.
2014-nji ýylda kompaniýa Jygalybeg käninde ulanyş deňiz stasionar platformasynyň gurluşygyny tamamlady we täze guýularyň buraw işlerine başlady.
Häzirki wagta çenli kompaniýanyň işgärler düzümi 2 müň adamdan geçýär, olaryň aglabasy Türkmenistanyň raýatlary.
Kompaniýanyň taslama maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,5 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.
2025-nji ýyla çenli Dragon Oil türkmen taslamasynyň çäklerinde nebitiň önümçiligini giňeltmegi we günde 100 müň barrele çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.
Türkmenistan Er-Riýadda geçiriljek «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşjakdygyny tassyklady
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň «Expo 2030 Riyadh» halkara gatnaşyjylar departamentiniň müdiri, Türkmenistanyň geljekki Bütindünýä sergisindäki ýurt menejeri Muhammed bin Garad bilen duşuşygynda «Ekspo-2030» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Türkmenistan Pakistanyň metbugat wekillerine energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda Päkistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi.
Şanhaýda türkmen-hytaý işewürler forumy geçirilýär
6-7-nji noýabrda Şanhaýda türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirilýär. Onuň üns merkezinde nebitgaz we himiýa senagaty, gurluşyk, ulag logistikasy, oba hojalygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk durýar.
Şanhaýda geçirilýän Hytaýyň 9-njy halkara import sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony açyldy
Şanhaýda (HHR) 5-nji noýabrda Hytaýyň 9-njy halkara import sergisi (CIIE 2026) açyldy, ol 10-njy noýabra çenli dowam eder. Türkmenistan forumda ýurduň Söwda-senagat edarasy bilen "Oguz Forum we Ekspo" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bilelikde guran Milli pawilýony bilen wekilçilik edýär.