Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA

19:59 06.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/21/original-15f7c864a1531b.jpeg

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen bolan söhbetdeşligimiz uzaga çekdi. Çünki sungata ýüregi bilen berlen adamda saýlap alan käri barada aýdara zat köp bolýar, sungat bolsa uç-gyraksyz täsirli dünýä. Şol täsirler seni özüne bendi edip, duýguly dünýä sary alyp gidýär.

– Gülşat, siziň aýdym-saz sungatyna gelşiňiz okyjylarymyz üçin gyzykly bolsa gerek...

– Şeýle bolmagy mümkin, sebäbi her bir sungat işgärine ilkinji sorag şondan başlanýar. Men sungat maşgalasynda dünýä indim. Daýzam, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa köplenç meni öz öýüne äkiderdi, menem onuň aýdym aýdyp, şahyrlar, kompozitorlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, täze aýdymlaryň üstünde işlemegini çaga bilesigelijiligim bilen diňlärdim. Ejem Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Gurdowa-da özüniň ýakymly sesi bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanan zenan. Men hemişe «meniň aýdym aýdýan iki ejem bar» diýip, mähribanlaryma buýsanýaryn. Olaryň aýdýan aýdymlaryndan lezzet almak bilen, özümiň hem şol ugra ýykgyn edendigimi duýman galdym. Kakam hem dutar çalmagy halardy, ejem onuň ýanynda aýdym aýdardy. Kakamy gowy görýärdim, ol gaty şahandaz, alçak adamdy. Arman ömri gysga boldy. Aýdym diýilýän gudratyň özüne imrindirişi üýtgeşik bolýar. Çagalygymdan aýdym-saza eýlenen kalbym meni halkyň öňüne çykardy.

– Gülşat, indi kämil aýdymçy hökmünde türkmen halkynyň arzyly estrada aýdymçylarynyň birine öwrüldiňiz, eýsem, bu ýoldan ýöremek üçin ugrukdyran halypaň bolmagy hökmanmy?

– Gürrüňsiz, her bir ýoldan ýöreseňem, ugrukdyryjyň bolmaly. Şonuň üçin men ejelerimiň synyny sypdyrmadym, tä dogry ýola düşýänçäm «ol näme, bu näme, bu ýerini nädip aýtmaly» diýip, azar baryny berdim. Olaram kyn görmän, ýol salgy berdiler. Şeýdibem, orta çykdym. Saýlap alan hünärim bagtymyň gözbaşy boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Arkadagymyzyň başda durmagy bilen türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegine uly mümkinçilikler açyldy. Milliligimizi has-da baýlaşdyryp, kämilleşdirip bilýäris, dünýä ýurtlaryna baý sungatymyz bilen syýahat edip, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmaga öz goşandymyzy goşýarys.

– Gülşat, tüweleme siziň iki gyz, iki ogul perzendiňiz bar. Özüniň ajaýyp käri, sungaty bilen meşhurlyga eýe bolan adamlaryň yzy ýitmeli däl. Maşgalada dowamat-dowam bolmaly. Bu pikir maşgalaňyzda nä derejedekä?

– Bu düşünje ähli döwürlerde-de şeýle bolupdyr. Meşhur aýdymçylaryň, artistleriň, suratkeşdir heýkeltaraşlaryň, ýazyjydyr şahyrlaryň maşgalasyna syn edeniňde, şol ýerde nesil yzarlamanyň bardygy aýdyň görünýär, diýmek, adamyň zehin daragty nesilden-nesle geçýän bolmaly. Biz sungat maşgalasy bolanymyz sebäpli menem, ýanýoldaşym hem aýdym-saza hyzmat edýäris. Çagalarymyz hem arzuw eden hünärlerine ýetip, kemal tapmaklaryny dileýärin. Şu ýerde ýene bir zady belläsim gelýär. Maşgalada gaýyn enäniň rolunyň uludygyny nygtamakçy. Sebäbi gaýynenem meni gyzy ýaly görüp, hemişe hemaýatçym boldy. Gaýnenem döwletli ojagyna gelin bolup, baranymda ogluna ýüzlenip: «Oglum, gelniňe aýdym aýtdyrarsyň-a?» diýdi. Ýoldaşym hem: «Oňa Alla tarapyn berlen zehini nädip gadagan edeýin?» diýip, jogap berdi. Ikisi hem meniň ýol-ýörelgämde esasy hemaýatçylarym boldular.

– Gülşat, siziň вedenterbiýe we sporta garaýşyňyz?

– Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak biziň maşgalamyz üçin iň bir zerur zatlaryň biri hasaplanýar. Irden turduňmy – ilki bilen bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli, ýetişip bildigiňden daşaryk çykyp, arassa howadan dem almaly. Bu hereketler adamyň bedenini berkidýär, janyny sag edýär, uzakly gün şähdiň açyk, keýpiň kök bolmagyny üpjün edýär. Bütin maşgalamyz, şol sanda ejemdir Annagül daýzamyň gatnaşmagynda 2017 ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Aziýa oýunlarynyň geçirilen günlerinde sporta degişli aýdymy surata düşürdik we tomaşaçylara hödürledik.

– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Döredijiligiňizde uly üstünlikler arzuw edýäris.

– Sag boluň! Menem pursatdan peýdalanyp siziň täzi USSAT NEWS elektron gazetiňiziň çykyp başlamagy bilen gutlaýaryn, size döredijilik üstünliklerini gazanmagyňyzy arzuw edýärin!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
16087d13f4eedd.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Atageldi GARÝAGDYÝEW

Hemmemiziň ýadymyzda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň çäklerinde “ARKALAŞYGYŇ ÝYLDYZLARY” atly döwletara baýragyna mynasyp bolan adamlary sylaglamak dabarasy. Bu ýokary sylaga ilkinji gezek ýurdumyzyň wekili — Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory Atageldi GARÝAGDYÝEW mynasyp boldy.


1605deec32de0b.jpeg
Türkmenistanyň Gahrymany Gözel ŞAGULYÝEWA

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi türkmenistanlylaryň arasynda giňden meşhurdyr. Onuň Watana bolan bimöçber söýgä, çuňňur watançylyk ruhuna beslenen şygyrlary gazet sahypalarynda, žurnallarda ýygy-ýygydan çap edilýär, tele we radiogepleşiklerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda ýaňlanýar.


1608556950c38e.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi ÇARYÝEW

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly Pyragy ýubileý medalynyň eýesi Kakageldi ÇARYÝEWIŇ ýurdumyzyň teleradioýaýlymlarynda, şanly toý-baýramlarda mylaýymdan ýakymly ses bilen ýerine ýetirýän aýdymlary kalplara aralaşyp, her bir adama ruhy lezzet berýär.


16042753c232d2.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEW

Biziň gürrüňini etjek bolýan aýdymçymyz özüniň zehini, başarnygy bilen sungat ýolunda abraý gazanmagy başaran aýdymçylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Suhan ORAZBERDIÝEWDIR. Ol owazlar dünýäsinde ýaşaýar, onuň «Arkadag», «Türkmenistan», «Ak şäherim Aşgabat», «Gumly gelin», «Ýüregimde adyň bar» ýaly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Biz elektron gazetimiziň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, zehinli aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.


160899e3947e6e.jpeg
Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenko (Arhiwden alynan söhbetdeşligimiz)

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde guralan belli «Sýabry» belarus toparynyň konserti uly üstünlige beslendi. Belarus Respublikasynyň halk artisti Anatoliý Ýarmolenkonyň ýolbaşçylygyndaky belli döredijilik topary iki sagadyň dowamynda dünýäde diňleýjileriň millionlarçasynyň kalbyna siňen heňleri we öz täze aýdymlary ýerine ýetirdi.