Makalalar

Türkmenistanyň milli manadynyň geçmişi we geljegi

https://ussatnews.com/storage/posts/2162/original-1617ed95000431.jpeg

Türkmenistanyň taryhynda puluň geçmişi we geljegi barada: Hormatly Prezidentimiz “Berkarar Türkmenistanyň pul ulgamy–bu ýurduň kanunçylyk namalary bilen sazlaşdyrylan pul dolanyşygynyň emele gelen taryhy gurluşdyr” diýen, pul dolanyşygynyň aýratyn bir ulgam bolmak bilen onuň şu gün däl, eýsem taryhy prosesde emele gelendigi we döwlet işinde tutýan ornunyň ýokary derejededigini görkezýär.

Pul adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyny dolandyrýan guraldyr. Türkmenistanyň taryhynda puluň geçmişini giňişleýin öwrenmäge ýazuw çeşmeler bilen bir hatarda gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapylan şaýlyklar şaýatlyk edýär.

Gadymy döwürde oturymly ilat bilen çarwa ilatyň arasynda haryt alyş-çalyşygy bolupdyr. Alyş-çalyş bilen bir hatarda pul gatnaşyklary ösüpdir. Bu bolsa çarwa ilat bilen oturymly (çomry) ilatyň arasyndaky ykdysady gatnaşygyň ösmegine getiripdir.

XI asyrda Seljuk türkmen döwletiniň zamanasy başlanýar. Bu döwürde dolanşykda dinarlar, dirhemler, felsler hereket edipdir. XII-XIII asyrlarda has takygy Köneürgenç türkmen döwleti döwründe, ýurtda dolanşykda altyn dinarlar, kümüş dirhemleri, mis felsleri ulanylypdyr.

XIV asyryň başynda häzirki Türkmenistanyň bir bölegi Hulaguiler döwletiniň düzüminde bolupdyr. Hulaguiler döwründe döwletde altyn we kümüş teňňeleriň ýeke-täk nusgasy ýola goýlupdyr.

Türkmenistanda Temirileriň düwründe esasan teňňe diýilip atlandyrylýan 4,5-4,7 gram bolan kümüş şaýylyklary hereket edipdir. Şeýbanylaryň düwründe bolsa bu pul birligi ulanyşda dowam etdirilipdir.

XVI-XVIII asyrlarda Türkmenistanyň häzirki çäkleri Hywa hanlygynyň, Buhara emirliginiň we Sefewiler döwletiniň düzüminde bolup, bu döwürde esasy pul birlikleri kümüş teňňeleri we mis pullary felsler hereket edipdir.

Şeýle hem Hywa hanlygynyň we Buhara emirliginiň çäklerinde XIX asyryň başlarynda “tylla” diýilip atlandyrylan altyn şaýlyklary çykarylyp başlanypdyr. Eýranyň şaýylyklary ilatyň arasynda söwda-da ulanylmandyr, ýöne bezeliş taýdan çeper bolansoň, türkmenlerde olar köplenç şaý-sepler hökmünde peýdalanylypdyr.

Türkmenistan irki zamanlardan bäri söwda-ykdysady taýdan ösen ýurt bolandygy üçin, taryhy ýadygärliklerimizde dürli ýurtlarda zikgelenen şaýylyklara duş gelmek bolýar. Ýagny, XII-XIX asyrlarda Türkmenistanda pul dolanşygynda Hindistanyň we Owganystanyň şaýylyklary, altyn (möhürler), Kümüş (rupiýa) we mis (paýslary) hereket edipdir.

XIX asyryň ahyrynda Türkmenistanyň Russiýanyň düzümine girizilmegi bilen ýurtda rus rubllary hereket edip başlaýar. Ýöne ilatyň arasynda altyn, kümüş şaýylyklaryň ulanylmagy dowam edipdir. I-nji jahan urşy ýyllarynda Russiýada puluň hümmetiniň pese gaçmagy bilen şaýylyklar azalypdyr we netijede, altyn, kümüş, mis teňňeleri dolanşykdan doly ýitipdir. 1922-1924-nji ýyllarda geçirilen pul özgertmesi netijesinde, şaýylyklar pul dolanşygyna girizilipdir.

Türkmenistan SSR-de (1924-1991 ý.) ýurtda dolanyşykda kagyz pullary – rubl we şaýylyklar – kopeekler hereket edipdir.

Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Garaşsyzlygyny alandan soňra özbaşdak Türkmenistan döwletinde Russiýa federasiýasynyň pul birligi bolan - rubl hereket etdi. Munuň özi belli bir derejede ykdysady kynçylyga sebäp boldy. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň taryhynda möhüm wakalaryň biri, türkmen manady dolanşyga girizildi. Netijede, döwletde özüniň özbaşdak pul ulgamy emele geldi, onuň düzümleýin elementleri: manadyň daşary ýurt walýutasyna hümmet gatnaşygy, pul dolanşygynyň tertibi we ş.m. bellenildi.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletinde kagyz pullary – manat we şaýylyklar – teňňe hereket edip başlaýar. Hormatly Prezidentimiz milli manadymyzyň hümmetini berkitmek ugrunada uly özgertmeleri durmuşa geçirdi. Muňa mysal edip, 2008-nji ýylda milli manadyň ýeke-täk hümmetiniň bellenilmegi we 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasynyň geçirilendigini görkezmek bolar.

Taryhda puluň ýüze çykmagynda we onuň ösüşinde düýpli öwrülşikler, özgerişler bolup geçipdir. Puluň ýüze çykmagyndan häzirki döwre çenli ol doly bahaly metal pullardan başlap, özüniň doly gymmaty bolmadyk kagyz we elektron pullara çenli özgeripdir. Puluň taryhyny, onuň adamlaryň durmuşynda eýelän ornuny öwrenip, ony geljekki nesillere ýetirmegimiz biziň milli borjumyzdyr.Bu bolsa biziň türkmen halkymyzy kämillige ugur görkezip,gelejege uly taýýarlykly bolmagymyza uly itergi berýär.

Gülsenem MEREDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň “Bank işi” kafedrasynyň mugallymy.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.