Türkmenistanyň Gahrymany Gözel ŞAGULYÝEWA
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, ussat şahyr Gözel Şagulyýewanyň döredijiligi türkmenistanlylaryň arasynda giňden meşhurdyr. Onuň Watana bolan bimöçber söýgä, çuňňur watançylyk ruhuna beslenen şygyrlary gazet sahypalarynda, žurnallarda ýygy-ýygydan çap edilýär, tele we radiogepleşiklerde, konsertlerde, döredijilik duşuşyklarynda ýaňlanýar.
Şahyryň dessine okyjylaryň uly seslenmesine eýe bolýan goşgularynyň onlarçasyna aýdymlar düzülip, sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu täsin ykbally zenan çäksiz döredijilik ylhamyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzda bolup geçýän wakalara şygyrlary arkaly gyzgyny bilen seslenmegi başarýar. Onuň näzik zenan kalbyndan syzylyp çykýan her bir setirinde ene topragyna, halkyna wepaly bolan ýürek urgusy ýaňlanýar. Ýurdumyzda giňden tanalýan şahyrymyz Gözel Şagulyýewa USSAT NEWS elektron gazetimize interwýu berdi.
– Gözel halypa, siz ýurdumyzda giňden tanalýan şahyr. Sizi häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry hasaplamaga doly hakymyz bar diýsek, öte geçmeris. Öz döredijilik ýoluňyzyň gözbaşy baradaky söhbedi hut özüňizden eşitmek has gyzykly bolsa gerek!
- Men 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň “Miras” geňeşliginde gullukçynyň köp çagaly maşgalasynda dünýä indim. Maşgalamyzda alty çaga bolup, men olaryň iň ulusydym. Kakam dutar çalmagy, goşgy okamagy halardy, halk döredijiliginden habarly bolansoň, hemişe bizde ene dilimize we edebiýatymyza bolan söýgini ösdüripdi. Şeýdibem ilkinji goşgymy on bir ýaşymda mekdebimiziň diwar gazeti üçin ýazypdym. Şahyr bolmak höwesi maňa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat bölüminde okamagyma we ony üstünlikli tamamlamagyma ýardam edendir.
Şol ýyllar mende döredijilige bolan gyzyklanma has-da artypdy. 1972-1982-nji ýyllarda Mary welaýat gazetinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri bolup işledim. 1982-nji ýyldan başlap, köp ýyllaryň dowamynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň şygryýet bölümine seretdim. Häzirki wagtda bolsa bu gazetde esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri wezipesinde işleýärin.
- Halypa, Siz eýýäm 50 ýyla golaý wagt bäri metbugatda işläp gelýärsiňiz. Ilkinji goşgularyňyz gazet sahypalarynda peýda bolanda nähili duýgyny başdan geçirdiňiz?
- Küseýn sähranyň ýasyl ýaýlasyn,
Küseýen takyryň arzuw aýnasyn,
Soýen şaýly koýnek ýaly asmanyn,
Ýok çege del altyn meniň basýanym.
ýa-da meniň ýene bir goşgymdan setirler
Il bilen ýeterin ýetçek menzilme,
Il bilen oýanar ykbalym meniň...
Bu goşgy setirlerim belli şahyrymyz Gurbannazar Ezizowyň ak pata bermegi bilen ilkinji gezek zenanlar žurnalynda çap edilipdi. Soňra beyleki neşirler gosgularymy çap edip başladylar. Şeýlelikde, şygryýet meniň ykbalyma, ömrümiň manysyna öwrüldi.
- Siziň şol ilkinji goşgularyňyz edebiýata täze bir öwüsginiň gelendigini äşgär etdi, şeýdibem türkmen edebiýatynda täze at— şahyr Gözel Şagulyýewa peýda boldy...
- Hawa, ol ýyllar ýaşlygymyň ajap döwrüdi. Men Magtymgulyny, Lew Tolstoýy, Fýodor Dostoýewskini, Anna Ahmatowany, Marina Swetaýewany, Lesýa Ukrainkany....okap, käbirlerini terjime edip, irginsiz yhlas bilen ukyp-başarnygymy kämilleşdirdim.
1971-nji ýylda bolsa, “Elbukjam” atly ilkinji goşgular ýygyndym çap edildi. Soňra birnäçe rus şahyrlarynyň terjime etmeginde rus dilinde “Men-garagumly” atly goşgular ýygyndym neşir edildi. Edil şol mahallar Ýaşlar guramasynyň baýragynyň eýesi bolmagymam az begendirmedi. Yzysüre Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildim.
- Halypa, Siz mähriban Watanymyzy wasp edýän, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy işlerine bagyşlanan şygyrlaryň ençemesini döretdiňiz. Mysal üçin:
Ýyllaryň köňlünden armanyn sogran,
Berkarar, bagtyýar, ykrary bolan,
Arkadagy bilen dünýesi dolan,
Sen meniň Watanym,
meniň Watanym!
- Hawa, maňa dürli döwürlerde – geçen asyrda hem, üçünji müňýyllykda hem ýaşamak bagty miýesser etdi. Bu gün ata Watanymyzyň ähli künjeklerini gurşap alan ajaýyp ösüşleriň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik özgerişleriň, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde eýe bolan abraýynyň şaýady bolmak, ählisine çäksiz guwanmak, buýsanmak bagtyna eýe men. Bu belentlikler kalbymda ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Ine, onsoň, şahyr hökmünde setirlerimde ýüregimiň töründen çykýan ylham-joşgunymy beýan edýärin. Döreden poemalarymyň, goşgularymyň çuňňur watançylyk duýgusyna ýugrulyp, okyjylara uly täsir ýetirýänligini aňanymda, galkynýaryn.
Eziz Watanymyz, hormatly Prezidentimiz hakynda goşgulary okanymda, diňleýjileriň aglabasyny begenje, buýsanja atarýandygyny görýärin. Bu bolsa, ylhamymy öňküden-de joşdurýar. Çünki meniň öňde goýan baş maksadym– il-günümiň jebisleşmegine hemaýat etmek, olarda dogduk Diýarymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgini öňküden-de artdyrmak bolup durýar.
– Täze döreden goşgularyňyzy ilki kime okap berýärsiňiz?
- Goşgularymy ilki bilen gyzlarym, agtyklarym, çowluklarym diňleýär. Men olar bilen talapkär okyjylarym ýaly geňeşip, maslahatlaşýaryn. Bu däp “Ynam” atly goşgymy ýazanymdan soň başlandy, men ony ilki ýakynlaryma okap beripdim.
Men hiç wagt gidip bilmen,
gitmek üçin gelmedim,
Men hiç wagt ýitip bilmen,
ýitmek üçin gelmedim.
Bu dünýäýe gelenleriň,
biridirin çyny bilen,
Münen atym agdarmasa,
durar gyljym gyny bilen.
Başym silkip batly barýan,
bolmaz meniň soňky demim,
Dünýelermi dürlär gider,
şygyrlarma siňen heňim.
Asman ýyldyzlary dogup,
munda gara ýer ýaşasa,
Eşiderler,
eştdirerin,
geler durar, meniň sesim.
– Halypa, Siz döredijilik duşuşyklaryna köp gatnaşýarsyňyz. Okyjylaryňyz, ýagny döredijiligiňiziň muşdaklary Size nähili sowallary berýärler, ömür ýoluňyz, terjimehalyňyz bilen gyzyklanýan bolsalar gerek!?
- Hemmeleri, esasan, meniň maşgalam, şahsy durmuşym baradaky maglumatlar gyzyklandyrýar. Meniň iki gyzymyň, alty agtygymyň, sekiz çowlugymyň bardygyny gürrüň berenimde, olara bolan gyzyklanma has-da artýar.
- Elektron gazetimiziň okyjylary üçin hem bu sowallara jogap almak gyzykly bolardy.
- Ýatdan ýakyn bolanlar bilenem, doganlar-dolananlar bilenem ysnyşykly gatnasykda men. Öz taýýarlaýan dürli tagamlarym bilen hezzetlemegi halaýan. Umuman, hereketde bolmagy gowy görýän.
- Siz özüňizi bagtly saýýarsyňyzmy?
- Bu döwrüň—Mähriban Arkadagly döwrüň özünden ýaşamaklykda bagt bar! Zady köp bolan däl-de, zadynyň gadryny bilýän adam bagtlydyr. Meniň ýakynlarym, şygyrlarym durmuşymyň manysydyr.
- Işden boş wagtyňyz näme bilen meşgullanmagy halaýarsyňyz?
- Her günümi mask etmekden başlaýaryn. Men çagalykdan sporty gowy görýärin, köp ýyllar ýeňil atletika bilen meşgullandym. Belki şonuň üçindir, golaýda segsen ýaşan bolsamam, özümi beden hem-de ruhy taýdan sagdyn duýýaryn. Boş wagtym Arkadagymyzyň, Magtymgulynyň kitaplaryny, daşary ýurt edebiýatyny okamagy, şeýle hem çeper filmlere tomaşa etmegi halaýaryn. Olar meni döredijilige, täze goşgulary ýazmaga ruhlandyrýar.
- Siziň halaýan reňkiňiz?
- Ak reňki gowy görýärin. Bu reňk päkligiň, açyklygyň, aýdyňlygyň, ýagtylygyň reňki. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abadançylyk we rowaçlyk syýasatyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimize bagyşlan “Ak güller”, “Ak kepderi” poemalarymy ýöne ýere döreden däldirin.
- Sizi şygryýetden başga näme gyzyklandyrýar?
- Şygryýet we Watan – meniň durmuşymyň manysy. Şonuň üçin şygryýetden başga zat mende uly gyzyklanma döretmeýär.
- Siz kesp-käriňizde uly abraý gazandyňyz, tanymallyk häsiýetiňizi üýtgetdimi?
- Ýok, üýtgetmedi, üýtgedibem bilmez. Okyjylaryň döredijiligime üns berýändigine garamazdan, men hemişe asyl bolşuma galýaryn.
- Siz öwgini halaýarsyňyzmy? Şan-şöhrat ýaraýarmy?
-Elbetde, islendik zenanda bolşy ýaly, adyma öwgüli sözler aýdylsa, gulagyma hoş ýakman duranok. Ýöne umuman aýdanymda, taryplap dursalar, halamaýaryn. Sebäbi men öz borjumy ýerine ýetirýärin. Gahryman Arkadagymyzyň durmusa geçirýän belent işleriniň ýanynda meňki o diýen ýer tutanok.
- Halypa, zehiniňiziň muşdaklaryna döredijilikdäki arzuwlaryňyzy, indiki etsem-goýsamlaryňyzy bilmek gyzykly bolardy.
- Durmuşda her bir adamyň, aýratyn-da döredijilik işgäriniň arzyly arzuwy bolýar. “Guş ganatsyz, adam arzuwsyz bolmaz” diýlişi ýaly, meniň arzuwym: birje goşgymyň okyjylaryma ýaramagy maňa ýeterlik.
- Goşgularyňyza döredilen aýdymlaryň onlarçasy ýurdumyzda giňden meşhurlyga eýe boldy. Işleşen aýdymçylaryňyzdan we kompozitorlaryňyzdan kimler has ýadyňyzda galdy?
-Men liriki şahyr bolup, hemişe söýgi hakynda ýazmagy halaýardym. Watan hakynda Garaşsyzlyk ýyllarynda, ýurdumyzda uly özgerişlikler bolup başlanda ýazyp ugradym. Häzir meniň goşgularyma ýazylan aýdymlary Türkmenistanyň at gazanan artistleri Züleýha Kakaýewa, Atajan Berdiýew, şeýle hem Durmuş Rejebow ýaly belli aýdymçylar ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Goşgularyma düzülen aýdymlary aýratyn-da tanymal aýdymçymyz Züleýha Kakaýewanyň ýerine ýetirişi maňa ýaraýar. Onuň ýerine ýetirmeginde diňe “Ýagyş ýagýar” aýdymynyň özi nämä degenok?! Zehinli kompozitor Omar Igamow bilen hem işleşmek ýakymly, ol meniň ençeme goşgularyma saz ýazdy.
-Eger kinoda islendik keşbi janlandyrmak mümkinçiligi dörese, haýsy keşbi saýlap alardyňyz?
-Hakyky türkmen zenanynyň, enäniň keşbini saýlap alardym. Ol sadadan pespäl, sypaýydan edepli, edenli bolmagy tomaşaçylara düşündirip bilerdi. Adam ömri ötinçä öwrenip, kämillige ýetýändir. Gynansak-da, aramyzda muňa düşünmän, durmuşda ähli zada bada eýe boldum diýip ýörenler hem gabat gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat eje meniň üçin, ähli türkmen zenanlary üçin göreldedir.
Milli Liderimiziň “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitaby bu beýik zenana bagyşlanýar. Bu eser – mähriban enelerimize sarpanyň belent nusgasy. Onda öçmejek gymmatlyklar: enäniň, maşgalanyň, öý-ojagyň, Watanyň mukaddesligi, türkmeniň ruhuna mahsus bolan hem-de Watana wepaly raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-atanyň we çaganyň arasyndaky gatnaşyklaryň parasatly esaslary hakynda gürrüň berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gadymy döwürlerden bäri dünýä ýüzünde enä mukaddeslik hökmünde garalýar, bu asylly däbi mynasyp dowam edip, ony geljekki nesillere aýawly ýetirmek biziň borjumyzdyr.
Ene mowzugy maňa örän ýakyndyr. Men türkmeniň Käbesi saýylýan mähriban enä bagyslanan eserleri az döretmedim.
- Eger Siziň döredijilik ýoluňyz hakynda kitap ýazylsa, onuň näme diýlip atlandyrylmagyny islärdiňiz?
- Bu sowala birbada jogap bermek aňsat däl... Ahal welaýatynda zehinli şahyr, açyk göwünli adam – Çoluk Rejebow bar. Ol ömrüniň köp ýylyny şygryýete bagyşlady. Bir gezek ol maňa baýramçylykda gutlag hatyny ýollap, islendik şahyryň lakamynyň bolmalydygyny ýaňladyp, Gülzary diýip atlandyrmagy teklip etdi. Maňa bu at ýaraman durmady, kalbyma gaty golaý hem bolsa, men ony häzire çenli ulanmadym. Kitap “Gülzary” diýip atlandyrylsa, göwnejaý bolaýjak ýaly.
- Halypa, kalbyňyz hemişe joşgunly derýa ýaly, Sizi näme ruhlandyrýar?
- Meni ajaýyp döwürde ýaşamak, döredijilikli zähmet çekmek üçin döredilen ajaýyp şertler ruhlandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa meniň döredijiligime berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimi beýan etmek isleýärin.
Döwlet Baştutanymyzyň özüni halypam saýýandyryn. Ussatlaryň ussadydyr Gahryman Arkadagym. Bizi ünse goýmagy, goldaw bermegi netijesinde bu gün milli medeniýetimiz gülläp ösýär.
- Gözel halypa, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Sizi şanly sene - 80 ýaşyňyzyň dolmagy bilen ýene bir gezek gutlaýaryn. Size durmuşda hemişe şeýle göwnaçyk, şadyýan, owadan bolup galmagyňyzy, döredijilikde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,
Ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA
Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew
Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA
Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow
Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.