OPEC+ duşuşygyndan soň nebitiň bahasy gymmatlady
Öňküsi gün aşaklamadan soň, OPEC+ duşuşygynyň kararynyň çäginde anna güni geçirilen söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.
Brent söwda belgili nebitiň ýanwardaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda 0,91% gymmatlap, 81,27 dollara barabar boldy. Penşenbe güni söwdalaryň netijesi boýunça olaryň bahalary 1,8% aşaklap, 80,54 dollara barabar bolupdy.
WTI nebitiniň bahalary Nýu-Ýork haryt biržasynda söwdalaryň barşynda 1,02% gymmatlap, 79,61 dollara deň boldy. Deslapky söwdanyň dowamynda onuň bahasy 2,5% aşaklap, 78,81 dollara ýetipdi.
Kadyrberdi Artykow — GDA-nyň iň gowy talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
ABŞ Türkmenistanyň gaz eksportynyň diwersifikasiýasyny goldaýar – Döwlet sekretarynyň orunbasary
Amerikanyň Birleşen Ştatlary türkmen tebigy gazyny daşamak ugurlarynyň diwersifikasiýasyny goldaýar. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers Aşgabatda žurnalistler üçin guralan brifingde mälim etdi, diýip «Turkmenportal» habar berýär.
Annagül Gurdowa 75 ýaşyny we döredijilik işiniň 70 ýyllygyny belleýär
Şu gün Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa doglan gününiň 75 ýyllygyny we sahna işiniň 70 ýyllygyny belleýär.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2026-njy ýylyň bäş aýynyň işiniň netijeleri jemlenildi
5-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda bäş aýyň jemlerine garaldy
6-njy iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.