Habarlar

Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

https://ussatnews.com/storage/posts/2206/original-16187efae1ed89.jpeg

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň Büzmeýin ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan 1 sany 4 gatly, degişlilikde, iki we üç otagly, jemi 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şeýle-de, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly geňeşliginiň «Garaşsyzlyk» ýaşaýyş jaý toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ahal welaýat müdirliginiň işgärleri üçin gurlan, 4 gatly 48 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan gurlan dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýynda iki, üç we dört otagly öýler bar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň giňden dabaralandyrylan ýylynda täze döwrebap jaýlar içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin ajaýyp sowgat boldy.

Içeri işler edaralarynyň işgärlerine öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar özleri hakynda edilýän taýsyz tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.